Ojakda Bişirilen Gyzylbalyk
6 adamlyk
- Ýarty (1 kg) gyzylbalyk
- 1 nahar çemçesi zeýtun ýagy
- 1 çay çemçesi duz
- 1 çümmük iri gyzyl burç
- 1 çümmük gury şibit
- 1 çümmük gury petruşka
- 1 diş sarymsak
- 4-5 halka sogan
- 4-5 halka bolgar burçy
- 4-5 kesim pomidor
- 1 limon
- Balygy arassalamaly we ýuwmaly.
- Balygy, derili tarapyny aşak edip, zeýtun ýagy çalnan ojak gabynda goýmaly we onuň üstüne duz, gyzyl burç, şibit, petruşka sepmeli. Sarymsagy uzyn-uzyn kesip, balygyň her ýerine dürtmeli. Balygyň üstüne kesilen gök önümleri atyp, limonyň ýarysyny sykmaly. Galan limondan birküç kesim kesip, balygyň üstüne atmaly.
- Balygy ojagyň ortaky gatynda goýmaly we 250°C (482°F) gyzgynlykda 20-25 minut bişirmeli. Balygyň ýany bilen Yrakly Türkmenleriň Palawyny ýa-da Ter Otly Kartoşka äberseň gowy bolýar.