Ojakda Bişirilen Gyzylbalyk

February 20, 2013

Gyzylbalyk

Ojakda Bişirilen Gyzylbalyk

6 adamlyk

  • Ýarty (1 kg) gyzylbalyk
  • 1 nahar çemçesi zeýtun ýagy
  • 1 çay çemçesi duz
  • 1 çümmük iri gyzyl burç
  • 1 çümmük gury şibit
  • 1 çümmük gury petruşka
  • 1 diş sarymsak
  • 4-5 halka sogan
  • 4-5 halka bolgar burçy
  • 4-5 kesim pomidor
  • 1 limon
  1. Balygy arassalamaly we ýuwmaly.
  2. Balygy, derili tarapyny aşak edip, zeýtun ýagy çalnan ojak gabynda goýmaly we onuň üstüne duz, gyzyl burç, şibit, petruşka sepmeli. Sarymsagy uzyn-uzyn kesip, balygyň her ýerine dürtmeli. Balygyň üstüne kesilen gök önümleri atyp, limonyň ýarysyny sykmaly. Galan limondan birküç kesim kesip, balygyň üstüne atmaly.
  3. Balygy ojagyň ortaky gatynda goýmaly we 250°C (482°F) gyzgynlykda 20-25 minut bişirmeli. Balygyň ýany bilen Yrakly Türkmenleriň Palawyny ýa-da Ter Otly Kartoşka äberseň gowy bolýar.