Kerkuk Palawy

February 6, 2013

Yrakly Türkmenleriniň Palawy

Yrakly Türkmenleriň Palawy

6 adamlyk

Palaw üçin:

  • 6 nahar çemçesi ösümlik ýagy
  • 400 gr (2 bulgur) basmati tüwi
  • 750 ml (3 bulgur) suw
  • 1 1/2 çaý çemçesi duz

Üsti üçin:

  • 1 gysym badam
  • 2 nahar çemçesi ösümlik ýagy
  • 1 gysym kişmiş
  • 150 gr (1 bulgur) inçe wermişel
  • 125 ml (1/2 bulgur) suw
  • 1 çümmük duz
  1. Gazana 6 nahar çemçesi ýag guýup, güýçli otda goýmaly. Ýag gyzyp başlanda, tüwini ýuwup, gazana atmaly we birküç gezek bulamaly. Soňra onuň üstüne suw guýup, duz atmaly we gazanyň gapagyny ýapmaly. Tüwi 3 minut güýçli otda gaýnansoň, gazanyň oduny peseltmeli. Tüwini aram otda 15 minut buglamaly.
  2. Tüwi bişýänçä, üstüne atyljak önümleri taýýarlamaly. Saplawyň içine badamy atyp, üstüne suw guýmaly we güýçli otda 5 minut gaýnatmaly. Soňra onuň suwuny döküp, her badamy iki barmagyň arasynda gysyp, gabygyny aýyrmaly we pyçak bilen ikä bölmeli (bölmeseň-de bolýar). Saplawa ýag guýup, aram otda goýmaly. Ýag gyzanda, badamy atyp, daşy çalaja gyzarýança gowurmaly, soň ýagdan süzüp almaly.
  3. Badam gowrulan ýaga kişmiş atmaly we birküç gezek bulap, kişmişi ýagdan çykarmaly.
  4. Ýagly saplawuň içine wermişel atmaly we daşy gyzarýança gowurmaly. Soňra onuň üstüne 125 ml suw guýup, duz atmaly we oduny güýçlendirmeli. Wermişel suwuny çekende, saplawyň oduny peseldip, gapagyny ýapmaly. Wermişeli aram otda 10 minut buglamaly.
  5. Palawy tarelka guýmaly we onuň üstüne gowrulan badamy, kişmişi, wermişeli atmaly. Palawyň ýany bilen dürli görnüşde bişirilen balyk, towuk, goýun, sygyr eti äberilýär.