Gyzzyrmany aňsat taýýarlap, çalt bişirip bolýar. Gyzzyrma adatça jigirdek we gowurdak bilen iýilýär, ony gyzgynlygyna iýseň hasam tagamly. Mundanam başga, gyzzyrmany kebap dolamak uçin hem ulanyp bolýar. Şeýle-de, gyzzyrma üstüne mesge-bal çalyp hem iýilýär.
Gyzzyrma
8 sany
- 1 çaý çemçesi duz
- 300 ml (1 1/5 bulgur) ýyly suw
- 2 nahar çemçesi ösümlik ýagy
- 500 gr (3 1/3 bulgur) un
- Tabaga duz, suw, ýag we un guýup, ýumşak hamyr etmeli. Hamyry 8 bölege bölüp, her bölegi eliň aýasynda togalamaly we 5 minut üstüni ýapyp goýmaly.
- Sajy aram otda goýmaly. Hamyra un sepip, ony 22 sm tegeleklikde ýaýmaly we gyzgyn saja atmaly. Saçdaky gyzzyrma bişýänçä indiki gyzzyrmalyk hamyry ýaýmaly. Gyzzyrmany iki tarapyna agdaryp bişirmeli.
- Bişen gyzzyrmany, ýyly we ýumşak durar ýaly, saçaga dolamaly.