Saç Mantysy
3-4 adamlyk
Hamyr üçin
- 500 gr un
- 1 çaý çemçesi duz
- 200 ml suw (çen bilen)
Içi üçin
- 1 kg üwelen sygyr ýa-da goýun eti
- 1 sogan
- 4 nahar çemçesi suw
- duz
- gara we gyzyl burç
Bişirmek üçin
- mesge
- suw
Gatyklamak üçin
- 200 gr gatyk
- 1 diş sarymsak
- 1 çümmük gury narpyz
- 1 çümmük gyzyl burç
Üwelen ete sogan (üwemeli ýa-da ownuk dogramaly), duz, gara we gyzyl burç sepip, suw guýup, soňra gowy garmaly.
Tabaga duz atyp, azajyk suw guýmaly we un guýup, gatyja hamyr etmeli. Suwy az-azdan guýup ýugursaň, hamyr gatyja bolýar. Taýýar bolan hamyry 2 zuwala bölüp, ýüzi gaýzygmaz ýaly üstüni ýapyp goýmaly. Soňra hamyry 2 mm galyňlykda ýaýmaly.
Tegelek ýaýylan hamyry ilki iki eplemeli, soň ony ýene birküç gezek epläp, uzyn zolaklar bolar ýaly edip kesmeli, soň ol uzyn zolaklary üsti-üstüne goýup, inedördül kesmeli. (Hamyryň kesilişini görmek üçin, şu ýere basyň.)
Her inedördül kesindini aýry goýup, olaryň ortasyna et salyp, gowja edip bükmeli. Manty bükmek üçin hamyryň ilki iki garşydaş çünkini birleşdirmeli we onuň üstünden beýleki iki çünki birleşdirmeli. Soň ýanaşyk duran çünkleri birleşdirmeli. (Mantynyň bükülişini görmek üçin, şu ýere basyň.)
Sajyň içine ýag çalyp, mantylary düzmeli. Mantynyň her ýerine bölejik mesge atmaly we üstüne çykar-çykmaz suw guýup, gapagyny ýapyp, güýçli otda goýmaly. Güýçli otda 1 minut gaynandan soň, oduny peseltmeli we manty suwuny çekip, aşagy çalaja gyzarynça orta otda bişirmeli. Edil beýleki manty ýaly bişirjek bolsaňyz, mantynyň aşagy gyzarmaka oduny öçürmeli.
Mantynyň gapdaly bilen äberilýän gatygyň üstüne sarymsak gyrmaly we narpyz, gyzyl burç sepip, hemmesini garmaly. Isleýän mantynyň üstüne diňe gara burç hem sepip biler.
Shu gun sach mantysyny bishirdim gaty gowy bolmadz, hamyra okde dal, yone indikide mundan gowy bolar, garnym doymasa-da, gozum doysun diyip, oz mantymy iyip, Turkmen kitchene seredayyan.
Sachly manty diyip, birinji gezek eshidyan, sag bolun, many piti yok yerinde gowy chykalga boljak eken.
Gowmy
saç manty diýip içinde saç-a ýok 🙂 yöne beter jana ýökumly nahar özä. sagja bol.
bir sorag, nämüçin bu nahara SAÇ MANTY diýip at berlypdir?
Bu mantynyň bişirilýän gabyna saç diýilýär (sa:ç – ‘a’ harpy uzyn aýdylýar).
sagja bol açyklap bereniň üçin. taba-da diýilýän bolmaly.
Ajaýyp, prosta söz ýok! Taňryýalkasyn!
bişirip görmekçi, gowy bolsa suradyny paýlaşarynda şuýerde 🙂 ýöne öňä saçda bişirilen manty görmedim . soňam otda( gazda) dälde elektrikli gyzýan plitelerde bishirsenem köýmezä
Elektrik plitede-de arkaýyn bişiriber, men onda-da bişirip gördüm.
beydeninde mantyn asagy yananokmy
Ýok, manty pessejik otda bişirilýär, şonuň üçinem aşagy ýanmaýar.
ejemem bısıryadı yaman suyjı bolyar
Enes gowmy
Salam. Bagyşlañ, meniñ bir soragym boljakdy: bu ýazan reseptiñiz takmynan näçe adamlykka? Biziñ öýümizde 5 adam bar, ýetmezmikä diýip gorkýan..
Näçe adamlykdygyny ýazmak ýatdan çykypdyr, ýatladanyň üçin sag bol. Şu resept 3-4 adam üçin ýeterlik bolar.
sag bolun mantym gaty gowu bisdi
Mantyn edilşlnl aydaysanyz
Sagboluñ köp köp Gaty süýji boldy.
Saýty gaty haladym.Has-da köp reseptlary paýlaşsaňyz gowy bolar.Resept soraýanlary özüne çekýän zat esasan hem tagamyň taýýarlanşynyň suratlary.
Hamyrly naharlary kyn goryaniz oydyan oyde 5 adam bar yetmezmika dip gorkanyndan kopurak bisirbermilda