Saç Mantysy

February 25, 2012

saç mantysy

Saç Mantysy

3-4 adamlyk

Hamyr üçin

  • 500 gr un
  • 1 çaý çemçesi duz
  • 200 ml suw (çen bilen)

Içi üçin

  • 1 kg üwelen sygyr ýa-da goýun eti
  • 1 sogan
  • 4 nahar çemçesi suw
  • duz
  • gara we gyzyl burç

Bişirmek üçin

  • mesge
  • suw

Gatyklamak üçin

  • 200 gr gatyk
  • 1 diş sarymsak
  • 1 çümmük gury narpyz
  • 1 çümmük gyzyl burç

Üwelen ete sogan (üwemeli ýa-da ownuk dogramaly), duz, gara we gyzyl burç sepip, suw guýup, soňra gowy garmaly.

Tabaga duz atyp, azajyk suw guýmaly we un guýup, gatyja hamyr etmeli. Suwy az-azdan guýup ýugursaň, hamyr gatyja bolýar. Taýýar bolan hamyry 2 zuwala bölüp, ýüzi gaýzygmaz ýaly üstüni ýapyp goýmaly. Soňra hamyry 2 mm galyňlykda ýaýmaly.

Tegelek ýaýylan hamyry ilki iki eplemeli, soň ony ýene birküç gezek epläp, uzyn zolaklar bolar ýaly edip kesmeli, soň ol uzyn zolaklary üsti-üstüne goýup, inedördül kesmeli. (Hamyryň kesilişini görmek üçin, şu ýere basyň.)

Her inedördül kesindini aýry goýup, olaryň ortasyna et salyp, gowja edip bükmeli. Manty bükmek üçin hamyryň ilki iki garşydaş çünkini birleşdirmeli we onuň üstünden beýleki iki çünki birleşdirmeli. Soň ýanaşyk duran çünkleri birleşdirmeli. (Mantynyň bükülişini görmek üçin, şu ýere basyň.)

Sajyň içine ýag çalyp, mantylary düzmeli. Mantynyň her ýerine bölejik mesge atmaly we üstüne çykar-çykmaz suw guýup, gapagyny ýapyp, güýçli otda goýmaly. Güýçli otda 1 minut gaynandan soň, oduny peseltmeli we manty suwuny çekip, aşagy çalaja gyzarynça orta otda bişirmeli. Edil beýleki manty ýaly bişirjek bolsaňyz, mantynyň aşagy gyzarmaka oduny öçürmeli.

Mantynyň gapdaly bilen äberilýän gatygyň üstüne sarymsak gyrmaly we narpyz, gyzyl burç sepip, hemmesini garmaly. Isleýän mantynyň üstüne diňe gara burç hem sepip biler.