Somsa
20 sany
Hamyr üçin
- 500 gr un
- 1 çaý çemçesi duz
- 50 gr mesge
- 300 ml suw (çen bilen)
Içi üçin
- 500 gr üwelen sygyr / goýun eti
- 1 sogan
- duz we gara burç (çen bilen)
Üwelen ete sogan (üwemeli ýa-da ownuk dogramaly), duz we burç garmaly.
Saçda mesgäni eretmeli. Tabaga suw, duz, un we eredilen mesgäni guýup, ýumşak hamyr etmeli. Taýýar bolan hamyry zuwalalara bölüp, 3mm galyňlykda ýaýmaly-da, 12 cm tegeleklikde kesmeli. Hamyr kesilende galan bölekleri düýrlemeli we gaýtadan ulanmaly.Tegelekleriň ortasyna et goýup ýaýratmaly we 3 tarapyny bükmeli.
Somsalaryň ýüzüne ojaga salmazdan öňürti suw çalmaly we olary 250 derejeli gyzgynlykda ýüzi gyzarýança bişirmeli.