Klubnika Mürepbesi
4-5 banka
- 1 kg klubnika
- 500 gr (2 bulgur) şeker
- Klubnikany süzgüçde goýup, sowuk suwda ýuwmaly. Soň klubnikanyň kök-ýapragyny aýyrmaly.
- Klubnikany çuňňur saja atyp, üstüne şeker guýup, 3 sagat goýmaly.
- Sajy aram otda goýmaly we şekeri ereýänçä bulamaly.
- Klubnikany ýuwaşlyk bilen 5 minut gaýnatmaly we sajy otdan aýryp, 6-8 sagat goýmaly (klubnika dargamaz ýaly).
- Sajy gaýtadan otda goýmaly we mürepbe goýalýança (10 minut) gaýnatmaly.
- Gazana suw guýup, otda goýmaly. Onuň üstünde demir gözenegi goýmaly. Mürepbe guýuljak bankalary we olaryň gapaklaryny ýuwup, gaýnaýan suwuň bugunda 15 minut goýmaly.
- Mürepbe taýýar bolanda bankalary tutaç bilen seresaply tutup, bugdan aýyrmaly. Bankalaryň içine gaýnaýan mürepbeden guýup, olaryň gapagyny ýapyp, gatyja towlamaly.