Içi Doldurylan Kädi
4 adamlyk
- 500 gr sygyr ýa-da goýun eti
- 1 çaý çemçesi duz
- ¼ çaý çemçesi gara burç
- ¼ çaý çemçesi iri gyzyl burç
- 4 nahar çemçesi ösümlik ýagy
- 1 sogan
- 1 kelem ýapragy
- 1 kartoşka
- 1 käşir
- 1 pomidor
- 1 bolgar burçy
- 3 diş sarymsak
- 2 nahar çemçesi dogralan ter şibit
- 2 nahar çemçesi dogralan ter petruşka
- 4 nahar çemçesi suw
- 1 kädi (1.5 kg)
- Eti we gök önümleri dogramaly. Ete duz, gara we gyzyl burç sepmeli.
- Saja ýag guýup, aram otda goýmaly. Ýag gyzyp başlanda, onuň içine dogralan eti we sogany atmaly. Sajyň gapagyny ýapyp, eti aram-aram bulap, ýumşaýança (20 minut) bişirmeli.
- Etiň üstüne kelem, kartoşka we käsir atyp, gazanyň gapagyny ýapmaly. Gök önümler ýumşanda, sajyň oduny öçürmeli we etli garyndynyň üstüne galan gök önümleri atyp, suw guýup, gowy garmaly.
- Kädiniň sapynyň daşyndan togalak kesmeli. Kädiniň çigitlerini aýryp, kädini etli garyndy bilen doldurmaly we gapagyny ýapmaly. (Kädiniň çigidi peýdaly hasaplanýar. Ony guradyp, gowrup, çigitläp bilersiňiz).
- Kädiniň aşagy ýanmaz ýaly, ony iki gat ojak kagyzy ýazylan taba geçirmeli we ojagyň ortaky gatynda goýmaly. Kädini 250°C (482°F) gyzgynlykda 1 sagat töweregi bişirmeli. Soňra kädi öçürilen ojagyň içinde 20 minut durmaly. Kädiniň bişenini bilmek üçin oňa pyçagyň ujuny çümdürip görmeli.
- Kädi dilimlenip ýa-da onuň löti etli garyndy bilen garylyp, saçaga äberilýär.