Gyzzyrma Gutap

October 23, 2011

gyzzyrma gutap

Gyzzyrma Gutap

10 sany

Içi üçin:

  • 1 sogan
  • 500 gr üwelen sygyr ýa-da goýun eti
  • ½ çaý çemsesi duz
  • 1 çümmük gara burç
  • 1 çümmük iri gyzyl burç
  • 4 nahar çemçesi suw

Hamyr üçin:

  • 1 çaý çemçesi duz
  • 300 ml (1⅕ bulgur) ýyly suw
  • 2 nahar çemçesi ösümlik ýagy
  • 500 gr (3⅓ bulgur) un
 
  1. Sogany üwemeli ýa-da ownuk dogramaly. Üwelen ete sogan, duz, gara we gyzyl burç, suw garmaly.
  2. Tabaga duz, suw, ýag we un guýup, ýumşak hamyr etmeli. Hamyry 10 bölege bölüp, her bölegi eliň aýasynda togalamaly we üstüni ýapyp, 5 minut goýmaly.
  3. Sajy aram otda goýmaly. Hamyryň bir bölegine un sepip, ony 20 sm tegeleklikde ýaýmaly. Tegelek ýaýylan hamyryň gyrasynda azajyk ýer goýup, ýarysyna 3 nahar çemçesi möçberinde et ýaýratmaly we beýleki ýarysy bilen üstüni ýapyp, gyrasyny bükmeli. Gutabyň ýüzüni wilka bilen dürtmeli.
  4. Gutaby gyzgyn saja atmaly we iki tarapyna agdaryp bişirmeli. Saçdaky gutap bişýänçä indiki gutaby ýasamaly.

Bellik:

Gutap saçda-da, ojakda-da, ýagda-da bişirilýär, ýöne ojakda bişirilende, onuň hamyry galyňrak bolmaly.