Batyrma
4 adamlyk
- 6 nahar çemçesi ösümlik ýagy ýa-da 3 nahar çemçesi ak ýag
- 1 sogan
- 3 bolgar burçy
- 1 badamjan
- 2 kartoşka
- 6 pomidor
- 1 diş sarymsak
- 1½ çaý çemçesi duz
- 1 çümmük iri gyzyl burç
- Saja ýag guýup, aram otda goýmaly. Ýag gyzanda, onuň içine sogan dogramaly. Sogan ýumşap başlanda, onuň üstüne burç, badamjan, kartoşka dogramaly we 5 minut gowurmaly.
- Gowrulan gök önümleriň üstüne pomidor, sarymsak dogramaly we duz, gyzyl burç sepmeli. Gazanyň gapagyny ýapyp, gök önümler ýumşaýança (20 minut) bişirmeli.
Bellik:
Batyrmany kartoşkasyz bişirseň hem bolýar (batyrmanyň esasy önümleri pomidor, bolgar burçy, badamjan we sogan). Şeýle-de, batyrma kabak, ýumurtga, et, gowurdak ýaly önümleri hem goşsaň bolýar.