Kädili Gutap
10 sany
Içi üçin:
- 1 kg kädi
- 1 sogan
- 5 nahar çemçesi ösümlik ýagy
- ¼ çaý çemçesi duz
- ¼ çaý çemçesi gara burç
Hamyr üçin:
- 1 çaý çemçesi duz
- 300 ml (1⅕ bulgur) ýyly suw
- 2 nahar çemçesi ösümlik ýagy
- 500 gr (3⅓ bulgur) un
- Kädiniň gabygyny artmaly. Kädini we sogany ownuk dogramaly.
- Gazana ýag guýup, aram otda goýmaly. Ýag gyzanda, onuň içine dogralan kädini, sogany atmaly we gowy garmaly. Gazanyň gapagayny ýapyp, kädi ýumşaýança bişirmeli.
- Bişen kädä duz we gara burç sepip, kädini tagta çemçe bilen ezmeli.
- Tabaga duz, suw, ýag we un guýup, ýumşak hamyr etmeli. Hamyry 10 bölege bölüp, her bölegi eliň aýasynda togalamaly we üstüni ýapyp, 5 minut goýmaly.
- Sajy aram otda goýmaly. Hamyryň bir bölegine un sepip, ony 20 sm tegeleklikde ýaýmaly. Tegelek ýaýylan hamyryň gyrasynda azajyk ýer goýup, ýarysyna 4 nahar çemçesi moçberinde kädi ýaýratmaly we beýleki ýarysy bilen üstüni ýapyp, gyrasyny bükmeli. Gutabyň ýüzüni wilka bilen dürtmeli.
- Gutaby gyzgyn saja atmaly we iki tarapyna agdaryp bişirmeli. Saçdaky gutap bişýänçä indiki gutaby ýasamaly.
cig bishda ol genje
Si