Külçe (Süýtli Çörek)
6 sany
- 25 gr (2 nahar çemçesi) mesge
- 250 ml (1 bulgur) süýt
- 2 nahar çemçesi şeker
- 1 ýumurtga
- 1 çaý çemçesi duz
- ½ çaý çemçesi gury hamyrmaýa
- 500 gr (3⅓ bulgur) un
- Mesgäni aram otda eretmeli we onuň üstüne süýt we şeker guýup bulamaly. Süýt ýylanda, oduny öçürmeli.
- Tabaga süýtli garyndyny guýmaly. Onuň üstüne ýumurtga çakyp, duz, maýa we un guýup, ýumşak hamyr etmeli. Hamyry 6 bölege bölüp, her bölegi eliň aýasynda togalap, 20 minut üstüni ýapyp goýmaly.
- Ojagy 250°C (482°F) derejede öňünden gyzdyrmaly. Hamyry oklaw bilen 14 sm tegeleklikde ýaýmaly. Külçeleri ojak kagyzy ýazylan taba geçirip, olaryň ýüzüni dürtgüç bilen dürtmeli. Soňra külçeleriň ýüzüne suw çalyp, ojagyň ortaky gatynda ýüzi gyzarýança (15 minut) bişirmeli.
½ çaý çemçesi gury maýa → şuña düşünmedim, mümkin bolsa düşündiräýseñiz?
Gury hamyrmaýa = gury drož