Klubnika Mürepbesi
4-5 banka
- 1 kg klubnika
- 500 gr (2 bulgur) şeker
- Klubnikany süzgüçde goýup, sowuk suwda ýuwmaly. Soň klubnikanyň kök-ýapragyny aýyrmaly.
- Klubnikany çuňňur saja atyp, üstüne şeker guýup, 3 sagat goýmaly.
- Sajy aram otda goýmaly we şekeri ereýänçä bulamaly.
- Klubnikany ýuwaşlyk bilen 5 minut gaýnatmaly we sajy otdan aýryp, 6-8 sagat goýmaly (klubnika dargamaz ýaly).
- Sajy gaýtadan otda goýmaly we mürepbe goýalýança (10 minut) gaýnatmaly.
- Gazana suw guýup, otda goýmaly. Onuň üstünde demir gözenegi goýmaly. Mürepbe guýuljak bankalary we olaryň gapaklaryny ýuwup, gaýnaýan suwuň bugunda 15 minut goýmaly.
- Mürepbe taýýar bolanda bankalary tutaç bilen seresaply tutup, bugdan aýyrmaly. Bankalaryň içine gaýnaýan mürepbeden guýup, olaryň gapagyny ýapyp, gatyja towlamaly.
çaý içsedim-dä şu wagt şo mürepbäni mesgeli çörege çalyp..
Gaty gowy hem owadan!!!
Esasanam suratlarynyz yokary hilli we gaty ozune chekiji!!!
Bu bir guraman edyan ishimi yada boshrak wagtlarynyzda meshgullanyan zadynyzmy?
Sag bol Eziz. Bu biziň, iki adam bolup, boş wagtymyzda edýän işimiz.
Retseptleriniz ucin kop sagbolun. Menem unsumi ceken zat, suratlarynyzyn hili. Nahili fotoapparat ve nahili lens ulanyanynyzy ovrenip bolarmyka?
Canon EOS 450D. Lensler: Canon EF 50mm f/1.8 II, Tokina 50-135mm f/2.8 AT-X 535 PRO DX.
Kop sag bolun.
Resept üçin sag bolun. Bir soragym bar yöne. Men klubnikany kan halamok. Ülje ullansak ya-da başga miwe bolarmy- ka? Limon kislotasyny ullanyanyzmy?
Ülje ýa başga miwe ulanjak bolsaň 2 bulgur suwa şeker guýup, aram otda eretmeli. Soňra gazanyň oduny öçürip, miwäni atyp, 3 sagat goýmaly.
Sag bolun
Türkiye’den Selâm.
Tarifleriniz çok güzel teşekkürler
Keşke kompot tarifi de olsa.
Aýgül men kublinkany halamok käşirden etdim gaty gowy bolýa edip göreýin diýse şu nomura sms ýaz +99362544134 taýarlanysyny sms edeýin.