Kartoşka Gaýyk

April 2, 2013

Kartoşka Gaýyk

Kartoşka Gaýyk

  • 3 uly kartoşka
  • ösümlik ýagy
  • 6 nahar çemçesi smetana
  • 1 diş sarymsak
  • 1 çümmük iri gyzyl burç
  • ⅓ çaý çemçesi narpyz
  • 3 pomidor
  • 1 uly hyýar
  • 3 düýp ýaş sogan
  • 2 nahar çemçesi dogralan ter şibit
  • 2 nahar çemçesi dogralan ter petruşka
  • ⅓ çaý çemçesi duz
  • 2 nahar çemçesi ter limon suwy
  1. Kartoşkalary dikligine ikä bölüp, her bölegi aýratyn folga dolamaly. Olary 250°C (482°F) gyzgynlykdaky ojagyň ortaky gatynda 20 minut bişirmeli. Soňra ojagy öçürip, kartoşkalary ojakdan çykarman ýene 20-25 minut goýmaly.
  2. Kartoşkalaryň içini çaý çemçesi bilen gyrasyna zyýan ýetirmän aýyrmaly (kartoşkalaryň içinden aýrylan bölekleri, üstüne azajyk ýag, duz sepip, pýure edip bilersiňiz). Soňra içi aýrylan kartoşkalary gyzgyn ýaga atyp, iki tarapyna agdaryp, gyzarýança gowurmaly. Gyzaran kartoşkalary bir gaba çykarmaly we sowaýança goýmaly.
  3. Smetana sarymsak gyryp, gyzyl burç we narpyz atyp, gowy garmaly.
  4. Gök önümleriň hemmesini ownuk dograp, üstüne duz, limon suwuny sepmeli we gowy garmaly.
  5. Gyzardylan kartoşkalaryň içine bir nahar çemçesi smetanaly garyndy guýmaly. Soňra onuň üstüne gök önümli salatdan goýmaly.