Kartoşkalary dikligine ikä bölüp, her bölegi aýratyn folga dolamaly. Olary 250°C (482°F) gyzgynlykdaky ojagyň ortaky gatynda 20 minut bişirmeli. Soňra ojagy öçürip, kartoşkalary ojakdan çykarman ýene 20-25 minut goýmaly.
Kartoşkalaryň içini çaý çemçesi bilen gyrasyna zyýan ýetirmän aýyrmaly (kartoşkalaryň içinden aýrylan bölekleri, üstüne azajyk ýag, duz sepip, pýure edip bilersiňiz). Soňra içi aýrylan kartoşkalary gyzgyn ýaga atyp, iki tarapyna agdaryp, gyzarýança gowurmaly. Gyzaran kartoşkalary bir gaba çykarmaly we sowaýança goýmaly.
Smetana sarymsak gyryp, gyzyl burç we narpyz atyp, gowy garmaly.
Gök önümleriň hemmesini ownuk dograp, üstüne duz, limon suwuny sepmeli we gowy garmaly.
Gyzardylan kartoşkalaryň içine bir nahar çemçesi smetanaly garyndy guýmaly. Soňra onuň üstüne gök önümli salatdan goýmaly.
🙂 bishirip goreyin, tagamlymyka?!
Bişişirmek üçin saşda etmelimi mähri gaýrat edip jogabyny aýdaýyňda