Somsa

January 13, 2012

Somsa

20 sany

Hamyr üçin

  • 500 gr un
  • 1 çaý çemçesi duz
  • 50 gr mesge
  • 300 ml suw (çen bilen)

Içi üçin

  • 500 gr üwelen sygyr / goýun eti
  • 1 sogan
  • duz we gara burç (çen bilen)

Üwelen ete sogan (üwemeli ýa-da ownuk dogramaly), duz we burç garmaly.

Saçda mesgäni eretmeli. Tabaga suw, duz, un we eredilen mesgäni guýup, ýumşak hamyr etmeli. Taýýar bolan hamyry zuwalalara bölüp, 3mm galyňlykda ýaýmaly-da, 12 cm tegeleklikde kesmeli. Hamyr kesilende galan bölekleri düýrlemeli we gaýtadan ulanmaly.

Tegelekleriň ortasyna et goýup ýaýratmaly we 3 tarapyny bükmeli.

Somsalaryň ýüzüne ojaga salmazdan öňürti suw çalmaly we olary 250 derejeli gyzgynlykda ýüzi gyzarýança bişirmeli.