Medowik

January 7, 2012

Medowik

Täze ýylyňyz düşümli bolsun! Täze ýylda size kän-kän durmuş süýjüligini arzuw edýärin. Meniň täze ýylda bişiren tortum hem şol süýjülige bir kiçijik goşant bolsun.

Medowik

Kökesi üçin:

  • 200 gr mesge
  • 6 ýumurtga
  • 2 nahar çemçesi arybal
  • 200 gr şeker
  • 700 gr un
  • 1 çaý çemçesi hamyr soda

Kremi üçin:

  • 1 l süýt, şeýle-de kökelere çalmak üçin
  • 300 gr şeker
  • 4 nahar çemçesi un
  • 300 gr mesge, ýumşadylan
  1. Tortuň kökesini taýýarlamak üçin saçda mesgäni eredip, sowaýança goýmaly. Uly tabakda ýumurtgany, baly we şekeri garmaly. Garyndynyň üstüne eredilen mesgäni guýup bulamaly.
  2. Pitiň ýarysyna çenli suw guýup, gaýnatmaly. Garyndyly tabagy pitiniň üstünde goýup, gaýnaýan suwuň bugunda 10 minut bulap durmaly. Tabagy pitiden aýyrmaly. Başga bir tabakda un bilen hamyr sodasyny garyp, ýumurtgaly garyndynyň üstüne az-azdan guýup bulamaly. Garyndyny ýugrup, ýumşajyk hamyr etmeli. Hamyry 10 bölege bölmeli we 30 minut sowadyjyda goýmaly.
  3. Ojagy öňünden 250°C (482°F) gyzdyrmaly. Hamyryň bir bölegine un sepip, 30 sm tegeleklikde ýaýmaly. Hamyry ojak kagyzy ýazylan taba geçirip, ojagyň orta gatynda ýüzi gyzarýança bişirmeli. Hamyr bişýänçä indiki hamyr bölegini ýaýmaly. Bişen kökäni ojakdan çykaran dessiňe gapakda goýup, gatamaka 28 cm tegeleklikde kesmeli.
  4. Tortuň kremini taýýarlamak üçin pitä süýt we şeker guýup, pes otda 20 minut tagta çemçe bilen bulamaly. Süýde az-azdan un guýup, dowamly bulamaly. Süýt goýalanda oduny öçürmeli we sowaýança goýmaly. Mesgäni mikser bilen bulamaly we süýtli garyndyny mesgäniň üstüne az-azdan guýup, gowy garmaly.
  5. Tortuň bir kökesini uly tort tarelkasynda goýup, ýüzüne krem çalmaly. Ikinji kökäniň arkasyna süýt çalmaly. Kökäniň süýtli tarapyny aşak edip, ony birinji kökäniň üstünde goýmaly we ýüzüne krem çalmaly. Şu tertipde galan kökeleri üst-üstüne goýmaly. Galan kremi tortyň gyrasyna çalmaly.
  6. Kökelerden galan bölekleri oklawy bilen ownuk owratmaly. Owuntygy tortuň üstüne endigan sepelemeli. Galan owuntygy tortuň gyrasyna eliň bilen ýelmeşdirmeli. Kökelere kremiň gowy siňmegi üçin torty bir gije sowuk ýerde goýmaly.