Akýüwrük

December 22, 2011

Akýüwrük

  • 200 g tüwi
  • 1½ l suw
  • 5 nahar çemçesi gatyk
  • 1 göni nahar çemçesi duz
  • 1 nahar çemçesi dogralan täze şibit (ukrop)
  • 1 nahar çemçesi dogralan täze petruşka
  • 1 diş sarymsak
  • 1 çümmük gyzyl burç
  • 1 çümmük gury narpyz

Gazana suw guýup, duz atyp, otda goýmaly. Tüwini ýuwmaly, suw gaýnanda tüwini atmaly. Tüwi bişende oduny öçürmeli we biraz sowar ýaly bulamaly. Soň onuň üstüne az-azdan gatyk guýmaly we gatyk kesilmez ýaly bulap durmaly. Sarymsagy (gyrmaly), şibitdir petruşkany (ownuk dogramaly), gyzyl burç we narpyz bilen garmaly we naharyň üstüne sepelemeli.