Batyrma

October 22, 2011

Batyrma

4 adamlyk

  • 6 nahar çemçesi ösümlik ýagy ýa-da 3 nahar çemçesi ak ýag
  • 1 sogan
  • 3 bolgar burçy
  • 1 badamjan
  • 2 kartoşka
  • 6 pomidor
  • 1 diş sarymsak
  • 1½ çaý çemçesi duz
  • 1 çümmük iri gyzyl burç
  1. Saja ýag guýup, aram otda goýmaly. Ýag gyzanda, onuň içine sogan dogramaly. Sogan ýumşap başlanda, onuň üstüne burç, badamjan, kartoşka dogramaly we 5 minut gowurmaly.
  2. Gowrulan gök önümleriň üstüne pomidor, sarymsak dogramaly we duz, gyzyl burç sepmeli. Gazanyň gapagyny ýapyp, gök önümler ýumşaýança (20 minut) bişirmeli.

Bellik:
Batyrmany kartoşkasyz bişirseň hem bolýar (batyrmanyň esasy önümleri pomidor, bolgar burçy, badamjan we sogan). Şeýle-de, batyrma kabak, ýumurtga, et, gowurdak ýaly önümleri hem goşsaň bolýar.