Unaş

September 24, 2012

Unaş

Unaş

5 adamlyk

Çorbasy üçin:

  • 2 nahar çemçesi noýba
  • 2 l suw
  • ½ nahar çemçesi duz
  • 1 gyzyl burç
  • 4 nahar çemçesi süzme ýa-da gatyk
  • 1 diş sarymsak

Aşlyk hamyr üçin:

  • 100 ml suw
  • ⅓ çaý çemçesi duz
  • 150 gr un
  1. Noýbany bir gün öňünden sowuk suwda goýmaly.
  2. Gazana suw guýup, duz, noýba atyp, güýçli otda goýmaly. Suw gaýnanda, gazanyň oduny peseltmeli we noýba ýumşaýança gaýnatmaly.
  3. Aşlyk hamyr üçin tabaga suw, duz we un guýup, gatyja hamyr etmeli. Hamyry eliň aýasynda togalamaly we üstüni saçak bilen ýapyp, 5 minut goýmaly.
  4. Hamyra un sepip, ony 2 mm galyňlykda ýaýmaly. Ýaýylan hamyryň üstüne ep-esli un sepip, uny hamyryň hemme ýerine eliň bilen endigan ýaýratmaly. Hamyryň dik ortasyndan iki gapdallaýyn, her tarapyny birküç gezek eplemeli. Hamyr ýelmeşmez ýaly, onuň her epininiň arasyna un sepmeli. Bir eliňi hamyryň üstünde goýup, hamyry pyçak bilen inçejik kesmeli. Kesilen hamyry ýagny aşy iki eliňe alyp, uny döküler ýaly, ýuwaşlyk bilen silkişdirmeli we gapagyň üstüne ýaýratmaly.
  5. Gaýnaýan noýbaly suwa gyzyl burç we aş atmaly. Aş tokga tutmaz ýaly, ony tagta çemçe bilen 3-4 gezek bulamaly. Aş 8 minut gaýnansoň, gazanyň oduny öçürmeli. Aş biraz sowar ýaly, ony tagta çemçe bilen bulamaly. Soňra aşyň içine az-azdan gatyk guýup, gatyk kesilmez ýaly, ony dowamly bulamaly. Aşyň içine gaýnadylan gyzyl burçy çemçe bilen ezmeli we sarymsak gyrmaly.