Süzme
- Akja matadan agzy büzmekli halta tikmeli we haltany ulanmazdan öňürti ýuwmaly.
- Haltany tabagyň içinde goýup, onuň içine gatygy guýmaly.
- Haltanyň agzyny büzüp, ony salkyn ýerde asyp goýmaly. Haltadan syrygan suw damar ýaly, onuň aşagynda tabak goýmaly. Haltadaky gatygyň suwy damyp gutaransoň, süzme taýýar bolýar.
Bellik:
– 3 l gatykdan 500 gr töweregi süzme bolýar.
– Haltanyň ýerine süzgüjiň içine ak mata ýazyp, gatygyň suwuny süzüp bilersiňiz. Süzgüji tabagyň içinde goýmaly ýa-da gatykly ak matanyň gyralaryny ýygnap düwmeli we gatygyň suwy grandyň nowasyna damar ýaly, ony grantdan asmaly.
– Tabaga ýygnanan suwy (aýrany) hamyr edilende ulanyp bolar.
Süzmeçal
2 adamlyk
- 4 nahar çemçesi süzme
- 500 ml (2 bulgur) sowuk suw
- 1 çümmük duz
- Tabaga süzme atyp, onuň üstüne azajyk suw guýup, dügür galmaz ýaly, süzmäni çemçe bilen ezmeli.
- Çala duz atyp, galan suwy az-azdan guýmaly we gowy bulamaly.
- Islän çalyň içine buz we ownuk dogralan hyýar, rediska, sarymsak, petruşka, şibit atyp biler.
Öran gowy
kop kop tanryyalkasyn
Beyleki reseptlerde gatygy dondurmaly d.p yazylypdyr.hokmanmyka