Biz Barada

Men Baýramgül, Pragada ýaşaýan türkmen we bu meniň saçagym. Bu saçak, petir çöregim, dogramam, palawym meni watandan uzakda-da öz ýurdumda ýaly dokmäde etdi, yzda galan ezizlerimi küýsämde ruhy direg boldy. Onsoň men, gyzym Mähri bilen, hem biz ýaly ýurtdan aýrylan türkmenler üçin, hem başga milletler üçin, başardygymdan, türkmen saçagyny giňräk ýazmak isledim. Adatça, nahary meniň özüm bişirýärin, gyzym bolsa olaryň suratlaryny alýar. Ýöne bu saçak diňe türkmen tagamlary bilen çäklenmeýär, men onuň üstüni başga halklaryň tagamlary bilen hem baýlaşdyrmaga çalyşdym. Belki, bu saçak türkmen tagamyny has meşhur eder we biz üçin ýene bir tejribe bolar.

Habarlaşmak isleseňiz, şu adrese ýazyp bilersiňiz: info@turkmenkitchen.com