Kelem Dolamasy
6 adamlyk
6 kelem ýapragy
Içi üçin:
- 500 gr üwelen sygyr ýa-da goýun eti
- 1 sogan
- 5 nahar çemçesi tüwi
- 1 çaý çemçesi duz
- 1 çümmük gara burç
- 1 çümmük iri gyzyl burç
Çorbasy üçin:
- 2 nahar çemçesi ösümlik ýagy
- 1 kiçi sogan
- 1 pomidor
- 2 kartoşka
- 2 çaý çemçesi duz
- 1½ l (6 bulgur) suw
- Kelem ýapraklarynyň gaty ýerini kesip aýyrmaly. Ýapraklary gazana atyp, üstüne suw guýmaly we gazanyň gapagyny ýapyp, güýçli otda 5 minut gaýnatmaly.
- Üwelen ete üwelen ýa-da ownuk dogralan sogan, tüwi, duz, gara we gyzyl burç garmaly. Etli garyndyny 6 bölege bölmeli we her bölegi eliň aýasynda togalamaly.
- Kelem ýapragyny gapagyň üstüne ýazmaly. Kelemiň ýumşak tarapynda togalanan etiň birini goýmaly we kelemiň gyralaryny epläp, etiň daşyny dolamaly. Galan kelem ýapraklaryny hem şeýdip dolamaly.
- Gazana ýag guýup, aram otda goýmaly. Ýag gyzanda, gazanyň içine sogan, pomidor dograp, 5 minut gowrup, oduny öçürmeli.
- Dolamalary gazanyň içine ýerleşdirmeli. Gabygy aýrylan kartoşkalary dörde bölüp, gazana atmaly. Dolamanyň üstüne duz sepip, suw guýmaly. Dolamalar açylyp dargamaz ýaly, olaryň üstüne tarelka düňdermeli. Gazanyň gapagyny ýapyp, güýçli otda goýmaly. Çorba gaýnap başlanda, gazanyň oduny peseltmeli. Dolamany aram otda 25-30 minut bişirmeli. Dolama saçaga äberilende, islän onuň üstüne gatyk guýup biler.
Sag
Dimek isleýän zadym super gaty süji boly sagbolun
Çorbañam edilşini görkezip bilersiñizmi?Bir edip göresim gelýä
Süňkli çorbany diýýän