Gelin Budy

December 7, 2013

“Gelin budy” yrakly türkmenleriň naharydyr (arapça ady “Kubbat halab”, türkçe bolsa “Pirinç köftesi”). Onuň adynyň geň bolşy ýaly, edilişi hem üýtgeşik. “Gelin budunyň” daşy uçin unuň ýerine ýugrulan tüwi ulanylýar we bu oňa beýleki hamyrly naharlardan aýry tagam berýär. Bu resept üçin yrakly türkmen joram Şeýma sag bolsun aýdýaryn.

Gelin Budy

16 sany

Içi üçin:

  • 2 nahar çemçesi ownuk dogralan ter petruşka
  • 1 sogan
  • 1 diş sarymsak
  • 300 gr üwelen sygyr ýa-da goýun eti
  • ¼ çaý çemçesi duz
  • 1 çümmük gara burç

Daşy üçin:

  • 1 kartoşka
  • 250 gr (1 bulgur) tüwi
  • 500 ml (2 bulgur) suw
  • 1 çaý çemçesi duz
  • 2 nahar çemçesi un
  • Ösümlik ýagy (bişirmek üçin)
  1. Petruşkany, sogany we sarymsagy ownuk dograp, üwelen ete atyp, duz, burç sepmeli we gowy garmaly. Soňra etli garyndyny aram otda 15 minut bişirmeli.
  2. Kartoşkany ýumşaýança gaýnatmaly. Tüwini ýuwup, başga bir gazana atmaly. Tüwiň üstüne suw guýup, duz sepmeli we gazany güýçli otda goýmaly. Suw gaýnanda, gazanyň oduny peseldip, gapagyny ýapmaly. Tüwini aram otda 20 minut buglamaly.
  3. Gaýnadylan kartoşkanyň gabygyny aýyrmaly. Soňra tüwini bir uly gaba guýup, onuň üstüne kartoşkany eliň bilen pytradyp, tüwi bilen garmaly. Garyndynyň üstüne un sepeläp, garyndyny ýylmanýança ýugurmaly.
  4. Garyndyny deň 16 bölege bölmeli we eliňi ölläp, her bölegi eliň aýasynda togalamaly.
  5. Topjagazyň birini çep eliňe alyp, sag eliň barmaklary bilen ýukajyk okara şekilini ýasamaly. Okara ýukajyk we ýylmanak bolar ýaly, şeýle-de okaranyň jaýrylan ýerlerini seplemek üçin eliňi ölläp durmaly.
  6. Okaranyň içine 1 çaý çemçesi möçberinde et guýmaly we agzyny büküp, süýri şekil bermeli. Galan topjagazlary hem şu şekilde bükmeli.
  7. Gazana 4 sm çuňlukda ýag guýup, aram otda goýmaly. Ýag gyzanda, gazana 5-6 sany “gelin buduny” atyp, kepgir bilen seresaply bulap, daşlary gyzarýança bişirmeli.