“Gelin budy” yrakly türkmenleriň naharydyr (arapça ady “Kubbat halab”, türkçe bolsa “Pirinç köftesi”). Onuň adynyň geň bolşy ýaly, edilişi hem üýtgeşik. “Gelin budunyň” daşy uçin unuň ýerine ýugrulan tüwi ulanylýar we bu oňa beýleki hamyrly naharlardan aýry tagam berýär. Bu resept üçin yrakly türkmen joram Şeýma sag bolsun aýdýaryn.
Gelin Budy
16 sany
Içi üçin:
- 2 nahar çemçesi ownuk dogralan ter petruşka
- 1 sogan
- 1 diş sarymsak
- 300 gr üwelen sygyr ýa-da goýun eti
- ¼ çaý çemçesi duz
- 1 çümmük gara burç
Daşy üçin:
- 1 kartoşka
- 250 gr (1 bulgur) tüwi
- 500 ml (2 bulgur) suw
- 1 çaý çemçesi duz
- 2 nahar çemçesi un
- Ösümlik ýagy (bişirmek üçin)
- Petruşkany, sogany we sarymsagy ownuk dograp, üwelen ete atyp, duz, burç sepmeli we gowy garmaly. Soňra etli garyndyny aram otda 15 minut bişirmeli.
- Kartoşkany ýumşaýança gaýnatmaly. Tüwini ýuwup, başga bir gazana atmaly. Tüwiň üstüne suw guýup, duz sepmeli we gazany güýçli otda goýmaly. Suw gaýnanda, gazanyň oduny peseldip, gapagyny ýapmaly. Tüwini aram otda 20 minut buglamaly.
- Gaýnadylan kartoşkanyň gabygyny aýyrmaly. Soňra tüwini bir uly gaba guýup, onuň üstüne kartoşkany eliň bilen pytradyp, tüwi bilen garmaly. Garyndynyň üstüne un sepeläp, garyndyny ýylmanýança ýugurmaly.
- Garyndyny deň 16 bölege bölmeli we eliňi ölläp, her bölegi eliň aýasynda togalamaly.
- Topjagazyň birini çep eliňe alyp, sag eliň barmaklary bilen ýukajyk okara şekilini ýasamaly. Okara ýukajyk we ýylmanak bolar ýaly, şeýle-de okaranyň jaýrylan ýerlerini seplemek üçin eliňi ölläp durmaly.
- Okaranyň içine 1 çaý çemçesi möçberinde et guýmaly we agzyny büküp, süýri şekil bermeli. Galan topjagazlary hem şu şekilde bükmeli.
- Gazana 4 sm çuňlukda ýag guýup, aram otda goýmaly. Ýag gyzanda, gazana 5-6 sany “gelin buduny” atyp, kepgir bilen seresaply bulap, daşlary gyzarýança bişirmeli.
Salam, Baýramgül gelneje!
Yrak saçagynyň bu tagamyny hem taýýarlap gördim. Aslynda her bir tagamy birinji gezek taýýarlanymda kynçylyga sezewar bolýan… belkem bu meniň ýeke özüm bilen bolup geçýän zat däldirem. 🙂 Baýramgül gelneje, şu meselede-de bir gymmatly maslahatyňyzy berseňiz! Gaýnan tüwimiň suwy çekilen bolsa-da, 2 çemçe un onuň hamyr bolmagyna kömek etmedi, 2 käsä golaý un goşmaly boldym. Indiki saparda şu problema sataşmazlygym üçin näme etsem bolar? Jogabyňyza öňünden minnetdar.
Tüwini ýugraňda, ol edil undan ýugrulan hamyr ýaly ýylmanak bolmaýar. Esasy zat tüwiniň biri-birine ýelmeşmesi. Gelin budy üçin seçelenip duran palawlyk tüwi däl-de, buglaňda şepbeşýän tüwi gowy bolýar. Sen nähili tüwi ulandyň? Bolmasa tüwini buglaňda pes otda köpräk goýup gör.
tüwimä şiresizdi… Bu ýerde entegä şirelisine duşup göremok. Gaýnadanymda pes otda-dy. Hany, indiki sapar köpräk gaýnadyp görerin. Minnetdar.
Men Meret yaman suyji boldy spasibo Bayramgul
Sag bol Meret!
Sizden gorup bishirip gordum shuny. uytgeshik tagamy bar eken 🙂
Yokardaky kommentlerde tuwi yapyshanok diyipdirler, tuwi suwuny kopurak guyup, suwyny chekyanca ashagyny gaty otda gaynatsan yapyshyp duran bolyan eken.
ps gyzynyz surata gowy dushuryar, onunam shahsy blogy ya sahypasy bolsa howes bilen yzarlardym.
Maslahatyň üçin sag bol Bäşim. Heniz gyzymyň blogy ýok, belki geljekde olam bolar.
Salam bilen.Yazıng gelmegy we yiling tazelenmegy barymıza bagt getirsin. Sag bolun
Memed Gocugy
Sag bol Mohammad!
Gowy nahar
menem haladm bu nahary bisrip goremokdm suyji bolyan eken nesip bolsa gelin bolaysam gaynlarmada bisirp bererin dp umyt edyan taymy tapanymda
gaty gowy nahar eken sps