Çişlik

March 25, 2013

Çişlik

Çişlik

  • 1 kg hindiguş/towuk/goýun/sygyr eti
  • ½ limon
  • 1 kiçi sogan
  • 3-4 baldak ter şibit
  • 3-4 baldak ter petruşka
  • 1 çaý çemçesi duz
  • ⅓ çaý çemçesi gara burç
  • ¼ çaý çemçesi iri gyzyl burç
  • 6 nahar çemçesi sirke (8%)
  • 1 düýp ýaş sogan
  1. Eti kub (inedördül) şekilinde dograp, bir gaba atmaly. Limony, sogany ýarym halka şekilinde dogramaly. Şibitdir petruşkanyň ýapraklaryny aýryp, gaty baldaklaryny dogramaly. Soňra etiň üstüne limony, sogany, şibitdir petruşkanyň baldagyny atyp, duz, gara we gyzyl burç, 5 nahar çemçesi sirke sepip, gowy garmaly. Gabyň gapagyny ýapmaly we ony salkyn ýerde bir gije goýmaly.
  2. Maňňalda ot ýakmaly. Eti çişlere sykyja edip düzmeli. Odun ýanyp, köz bolanda, et düzülen çişleri maňňalyň üstünde goýmaly. Etiň hemme ýeri deň bişer ýaly, käýarym çişleri öwrüp durmaly. Şeýle-de, aşagynyň ody güýçlense, bişip duran çişlige aram-aram sirke garylan suw sepilýär. Etiň daşy gowy gyzarýança bişirmeli.
  3. Şibitdir petruşkanyň ýapraklaryny we sogany dograp, bişen çişligiň üstüne atyp, 1 nahar çemçesi sirke sepmeli. Çişligiň ýany bilen gyzzyrma ýa-da tüwi berilýär.