Semeni

March 18, 2013

Semeni

Adatça semeni ýazda, Nowruz baýramyna gabat, bir näçe maşgala bolup, bilelikde bişirilýär. Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!

Semeni

  • 300 gr bugdaý
  • Suw
  • 1 kg un
  1. Bugdaýy ýuwup, üstüne sowuk suw guýup goýmaly. Ertesi bugdaýyň suwuny döküp, täze suw guýmaly.
  2. Üçülenji gün bugdaýyň suwuny döküp, ýene birki gezek ýuwmaly. Soň ony ýalpak gaba guýup, endigan ýaýratmaly-da, üstüni çygly mata bilen örtüp, ýyly ýerde goýmaly. Bugdaý däneleri gowy şineleýänçä onuň üstündäki matany günde iki gezek öllemeli. Dört-bäşilenji gün bugdaýyň aşagynda ak we inçejik şineler has köpelýär, üstündäki baldajyklar çala ýaşyl öwsüp başlaýar. Altylanjy gün şinelän bugdaý semeni etmäge taýýar bolýar.
  3. Bugdaýyň baldaklaryny, köklerini bölüşdirip, blendere (elektrik garyja) atyp, onuň üstüne azajyk suw* guýmaly we üwemeli (ýa-da et üwelýände üwäp, soň suw garmaly).
  4. Süzgüjiň içine iki gat hasa ýazmaly. Süzgüji çuňňur gabyň üstünde goýup, bugdaý üwelende emele gelen süýtli suwuklygy süzgüçden geçirmeli. Hasanyň gyralaryny epläp, bugdaý lötüni sykmaly. Hasanyň içindäki löti blendere atyp, gaýtadan suw guýup, ýene üwemeli we süzgüçden geçirmeli. Muny 3 gezek gaýtalamaly (2-nji hem 3-nji gezekde suwuklygyň reňki açygrak bolýar).
  5. Uly gazana un guýup, onuň üstüne az-azdan süýtli suwuklygy guýup, düwür galmaz ýaly, gowy garmaly. Soňra gazany aram otda goýmaly we unly garyndy gowy goýalýança dowamly bulamaly. Garyndynyň reňki 25-30 minutdan goňralyp başlaýar. Garyndy suwuny doly çekende, onuň üstüne 2 bulgur suw guýmaly we ýene 5 minut bulamaly. Gazanyň oduny öçürip, gapagyny ýapyp, 25-30 minut goýmaly. Taýýar bolan semenini gaba guýup, sowaýança goýmaly.

*Men bugdaýy üwämde jemi 10 bulgur suw ulandym.