Etli Börek

March 3, 2013

Etli Börek

Etli Börek

5 adamlyk

Hamyr üçin:

  • 1 çaý çemçesi duz
  • ~250 ml (1 bulgur) ýyly suw
  • 500 gr (3⅓ bulgur) un

Içi üçin:

  • 500 gr üwelen sygyr ýa-da goýun eti
  • 1 sogan
  • 1 çay çemçesi duz
  • 1 çümmük gara burç
  • 1 çümmük iri gyzyl burç
  • 3 nahar çemçesi suw

Gaýnatmak üçin:

  • 3 l (12 bulgur) suw
  • 1 nahar çemçesi duz

Gatyklamak üçin:

  • Gatyk
  • 3 nahar çemçesi noýba
  1. Noýbany bir gün öňünden sowuk suwda goýmaly. Soňra noýbany suwda gaýnatmaly. Noýba bişensoň, suwuny dökmeli.
  2. Böreklik hamyr üçin bir gaba duz, suw we un guýup, gatyja hamyr etmeli. Hamyry iki zuwala bölüp, her zuwalany eliň aýasynda togalamaly we 5 minut üstüni ýapyp goýmaly.
  3. Üwelen ete sogan (üwemeli ýa-da ownuk dogramaly), duz, gara burç, gyzyl burç we suw garmaly.
  4. Bir zuwala un sepip, ony 2 mm galyňlykda ýaýmaly. Ýaýylan hamyryň üstüne un sepmeli, soňra uny hamyryň hemme ýerine eliň bilen endigan ýaýratmaly. Soň hamyry iki eplemeli we ýene birküç gezek epläp, uzyn bölekler bolar ýaly edip kesmeli. Ol uzyn bölekleri üsti-üstüne goýup, inedördul kesmeli.
  5. Hamyr bölekleriniň üstüne bir çaý çemçesi töweregi et goýup, hamyry eplemeli we gyralaryny bükmeli. Soňra böregiň ýokarky iki ujuny birleşdirmeli. Bükülen börekleri un sepilen gapaga düzüp, gaýzykmaz ýaly, onuň üstüne saçak ýapmaly. Soňra ikinji zuwalany ýaýmaly we bükmeli.
  6. Gazana suw guýup, duz atyp, güýçli otda goýmaly. Gaýnaýan suwa atylan böregi tagta çemçe bilen 3-4 gezek bulap, 12-15 minut gaýnatmaly.
  7. Börek çykaryljak gabyň içine azajyk gatyk çalmaly. Böregi süzgüç bilen süzüp, gatyk çalnan gaba çykarmaly. Onuň üstüne ýene gatyk guýup, gatyk gowy garylar ýaly, börekli gaby silkelemeli. Soňra onuň üstüne noýba atmaly.