Ýarma
4 adamlyk
- 500 gr süňkli goýun / sygyr eti
- 1 nahar çemçesi duz
- 2.5 l (10 bulgur) suw
- 50 ml (1/5 bulgur) ösümlik ýagy
- 1 sogan
- 500 gr (2 bulgur) ýarma
- Gazana et, 1/2 nahar çemçesi duz atyp, 1.5 litr suw guýup, ony güýçli otda goýmaly. Suw gaýnap başlanda, onuň ýüzüne çykan köpügini aýyrmaly. Gazanyň oduny peseldip, gapagyny ýapmaly. Çorbany aram otda et bişýänçä gaýnatmaly. Soňra çorbanyň etini bir gaba çykarmaly we onuň süňküni aýyrmaly.
- Başga bir uly gazana ýag guýup, aram otda goýmaly. Ýag gyzanda, onuň içine dogralan sogany atyp, ýumşaýança gowurmaly. Soňra gazana bişen eti atmaly-da, birki gezek bulap, çorbany guýmaly. Onuň üstüne 1 litr suw guýup, galan duzy atmaly. Çorba gaýnar ýaly, gazanyň oduny güýçlendirmeli.
- Ýarmany ýuwup, gaýnaýan çorbanyň içine atmaly we bulamaly. Nahar güýçli otda 10 minut gaýnandan soň, gazanyň oduny peseltmeli we ony aram otda 50 minut töweregi bişirmeli. Ýarma gazanyň düýbüne ýelmeşmez ýaly, ony käýarym bulamaly. Eger ýarma goýalsa, oňa azajyk suw guýmaly. Naharyň duzuny dadyp görmeli we gerek bolsa duz atmaly.
Türkmenostanyň daşynda yarma aňsat tapylmaýar, şonuň üçin ýamanyň nahili osümlikden, (bugdaýdanmy, arpadanmy) edilýanini ýazsaňyz maksada laýyk bolardy.
Bugdaý ýarmasy
Gaty suyji boldy.Sagbolun.
Menem bişirip görjek gaty gowy görýän ýarmany
Gaty bişirip göresim gelýär gaty gaty gowy görýärin