Jazly Aş

December 27, 2012

Jazly Aş

Jazly Aş

5 adamlyk

Çorba:

  • 2 nahar çemçesi gowurdak / 1 nahar çemçesi ak ýag / 3 nahar çemçesi ösümlik ýagy
  • 1 kiçi sogan
  • 2 pomidor
  • 2 l (8 bulgur) suw
  • 1/2 nahar çemçesi duz
  • 2 nahar çemçesi noýba (bir gün öňünden sowuk suwda goýmaly)
  • 1 gyzyl burç
  • 1 diş sarymsak

Hamyr:

  • 1/3 çaý çemçesi duz
  • ~100 ml (1/2 bulgur) ýyly suw
  • 150 gr (1 bulgur) un
  1. Gazana gowurdak atyp, aram otda goýmaly. Gowurdagyň ýagy erände, onuň içine sogan dogramaly. Sogan ýumşap başlanda, onuň üstüne pomidor dogramaly we biraz gowurmaly. Soňra oňa suw guýup, duz, noýba atyp, gazanyň oduny güýçlendirmeli. Suw gaýnap başlanda, gazanyň oduny peseltmeli we noýba ýumşaýança gaýnatmaly.
  2. Aşlyk hamyr üçin bir gaba duz, suw we un guýup, gatyja hamyr etmeli. Hamyry eliň aýasynda togalamaly we 5 minut üstüni ýapyp goýmaly.
  3. Hamyra un sepip, ony 2 mm galyňlykda ýaýmaly. Ýaýylan hamyryň üstüne ep-esli un sepmeli, soňra uny hamyryň hemme ýerine eliň bilen endigan ýaýratmaly. Un sepilen hamyryň dik ortasyndan iki gapdallaýyn, her tarapyny birküç gezek eplemeli. Hamyr ýelmeşmez ýaly, onuň her epininiň arasyna un sepmeli. Bir eliňi hamyryň üstünde goýup, hamyry pyçak bilen inçejik kesmeli. Kesilen hamyry (aşy) iki eliňe alyp, uny döküler ýaly, ýuwaşlyk bilen silkişdirmeli. Soňra aşy gapagyň üstüne ýaýratmaly. (Edilşini görmek üçin şu ýere basyň).
  4. Gaýnaýan çorbanyň içine gyzyl burç we aş atmaly. Aş tokga tutmaz ýaly, ony tagta çemçe bilen 3-4 gezek bulamaly. Aş 8 minut gaýnansoň, gazanyň oduny öçürmeli. Aşyň içine sarymsak gyrmaly we çorbada gaýnan gyzyl burçy çemçe bilen ezmeli. Islän aşa gatyk hem garyp biler.