Ýagly Gutap (Çeburek)
16 sany
Etli içlik üçin:
- 500 gr üwelen sygyr ýa-da goýun eti
- 1 sogan
- ½ çaý çemçesi duz
- 1 çümmük gara burç
- 1 çümmük iri gyzyl burç
- 2 nahar çemçesi suw
Ysmanakly içlik üçin:
- 1 kg ter ysmanak
- 8 nahar çemçesi ösümlik ýagy
- 3 nahar çemçesi un
- 6 nahar çemçesi suw
- 1 çaý çemçesi duz
Hamyr üçin (bir içlige ýeterlik):
- 1 çaý çemçesi duz
- 300 ml ýyly suw
- 500 gr un
- Ösümlik ýagy (bişirmek üçin)
Etli içligi taýýarlamak üçin: Ete üwelen ýa-da ownuk dogralan sogany goşup, üstüne duz, gara we gyzyl burç sepip, suw guýup, ony gowy garmaly.
Ysmanakly içligi taýýarlamak üçin: Gazana suw guýup, güýçli otda goýmaly. Ysmanagy ýuwmaly we ony gaýnaýan suwa atyp, 5 minut gaýnatmaly. Soňra ysmanagy süzgüç bilen süzüp, ýaşyl renkini saklar ýaly, ony sowuk suwa çykarmaly. Ysmanagyň suwuny ýenede süzüp aýyrmaly we ysmanagy agaç çemçe bilen ezmeli. Saja ýag guýup, aram otda goýmaly. Gyzan ýaga un guýup bulamaly. Un çalaja gyzaranda, onuň üstüne suw guýup, 5-6 gezek bulamaly. Taýýar bolan guýmagyň üstüne ezilen ysmanagy atyp, duz sepmeli. Ysmanak bilen guýmagy gowy garyp, odyny öçürmeli.
- Hamyra gerek önümleri bir uly tabakda garyp, hamyry ýylmanak bolýança ýugurmaly. Hamyry deň 16 bölege bölüp, her bölegi eliň aýasynda togalamaly we üstüni ýapyp, 5 minut goýmaly.
- Hamyryň bir bölegine un sepip, ony 14 sm tegeleklikde ýaýmaly. Tegelek ýaýylan hamyryň gyrasynda azajyk ýer goýup, ýarysyna 1 nahar çemçesi möçberine et ýa-da ysmanak ýaýratmaly we beýleki ýarysy bilen üstüni ýapmaly. Gutabyň gyrasyny wilka bilen bükmeli. Gutap ýelmeşmez we gaýzykmaz ýaly, ony saçak ýazylan gapaga geçirip, üstüni saçak bilen ýapmaly. Galan hamyr böleklerini hem şu şekilde bükmeli.
- Gazana 4 sm çuňlukda ýag guýup, aram otda goýmaly. Gutabyň ýüzüni dürtüp, gyzgyn ýaga iki-ikiden atmaly. Gutaby, arasynda bir gezek agdaryp, iki tarapy gyzarýança bişirmeli. Soň ony kepgir bilen ýagdan süzüp almaly.
GATY SÜJI BOLUPDUR.
Örän gowy we tagamly
Tercih ederim (:
wylka durtmek gaty nadogry joram sebabi yag icne girer hem hamyry desher
dogry mena halamadm ejeminki cishp bisherdi dashy yuka bolp
Гуллер мен гутап говы екен
Еллер дерт гормесин
Суйжи тагам екен
Салам
Гулле мен
Сизин адын наме
Нирели сиз
Танышып болмы
Телфон номерин бармы
Адын наме
Говы едип тайарлын екен