Badamjan Gatlamasy

December 3, 2012

Badamjan Gatlamasy

Badamjan Gatlamasy

  • 1 badamjan
  • 1/2 çaý çemçesi duz
  • Suw
  • 2 nahar çemçesi ösümlik ýagy
  • 1 uly pomidor
  • 1/2 bolgar burçy
  • 1 diş saymsak
  • 1 nahar çemçesi dogralan ter şibit
  • 1 nahar çemçesi dogralan ter petruşka
  • 1 nahar çemçesi ter limon suwy
  • 1 çümmük duz
  • 3 nahar çemçesi smetana (turşy gaýmak)
  • 1 çümmük gury narpyz
  • 1 çümmük iri gyzyl burç
  1. Badamjany 1 sm galyňlykda tegelek kesip, duzly suwda 15 minut goýmaly. Soň onuň suwuny dökmeli.
  2. Saja ýag guýup, pes otda goýmaly. Ýag gyzanda, badamjan tegeleklerini sajyň içine düzmeli. Tegelekleriň aşagy gyzaranda, olary beýleki tarapyna agdarmaly we ýumşaýança bişirmeli. Badamjan bişenden soň, ony tarelka çykaryp, sowaýança goýmaly.
  3. Pomidory, bolgar burçuny, sarymsagy, şibitdir petruşkany ownuk dogramaly we olary bir gaba guýmaly. Soňra gök önümli garyndynyň üstüne limon suwuny guýup, duz sepip, ony gowy garmaly.
  4. Smetana narpyz, gyzyl burç atyp garmaly.
  5. Badamjan tegelekleriniň ýarysyny tarelka ýerleşdirmeli we olaryň üstüne gök önümli garyndydan goýmaly. Galan badamjan tegelekleri bilen olaryň üstüni ýapmaly we her tegelegiň üstüne smetanaly garyndydan guýmaly.