Şüle
4 adamlyk
- 2 nahar çemçesi gowurdak / 1 nahar çemçesi ak ýag / 3 nahar çemçesi ösümlik ýagy
- 1 kiçi sogan
- 2 pomidor
- 1 1/2 l (6 bulgur) suw
- 1/2 çaý çemçesi duz
- 1 çümmük iri gyzyl burç
- 200 gr (1 bulgur) togalak tüwi
- Gazana gowurdak atyp, aram otda goýmaly. Gowurdagyň ýagy eräp başlanda, onuň içine sogan dogramaly we ýumşaýança gowurmaly. Soganyň üstüne pomidor dogramaly we bulamaly. Soň gazana suw guýup, duz we gyzyl burç atmaly. Gazanyň oduny güýçlendirmeli.
- Tüwini ýuwup, gaýnaýan çorbanyň içine atmaly we bulamaly. Çorba gaýtadan gaýnap başlanda, gazanyň oduny peseltmeli. Tüwini aram otda, ýumşaýança (15 minut) bişirmeli.
dogrymy aytsam sule nahary iymanime 6 yyl boldy ejemjanyn naharlaryny iyesim gelip gitdim suna girsem oz ejemjanyn naharlary yadyma dusya .oz turkmen naharlaryny kuysap gitdim
kasır yokmay ejem kasıreöm goyyadı
Kasirsizem bet bolya
Sule tagam hemme kisha halaya menem shugun bishiryan
Gowy nahar
mamam gowy edp bishryarow
Örän gowy
Gaty Gowy nahar toylaryñ bezegi
Gaty govy nahar suvagt bisirip ortyrnnn..
Салам
Гулле