Kömeç

November 18, 2012

Kömeç

Kömeç (Jigirdekli Çörek)

2 çöreklik

Içi üçin

Hamyr üçin

  • 1 nahar çemçesi duz
  • 600 ml (2 2/5 bulgur) suw
  • 1 kg un

Jigirdegi sokuda döwmeli ýa pyçak bilen owratmaly, ýa-da üwemeli. Sogany ownuk dograp, jigirdek bilen garyp, aram otda 5 minut bişirmeli.

Tabaga duz, suw, un guýup, ýumşak hamyr etmeli. Hamyry ikä bölüp, her bölegi eliň aýasynda togalamaly we 5 minut üstüni ýapyp goýmaly. Soňra hamyry 5 mm galyňlykda ýaýyp, onuň üstüne jigirdegiň ýarysyny ýaýratmaly-da, hamyry iki eliň bilen togalamaly we soňra aýlawly saramaly. Beýleki hamyry hem ýaýyp, onuň üstüne galan jigirdegi ýaýradyp saramaly. Olaryň üstüni ýapyp, 10 minut goýmaly.

Ojagy 250°C (482°F) derejede gyzdyrmaly. Ojak gyzýança hamyrlary oklaw bilen ýaýyp, 1.5 sm galyňlykda çörek ýasamaly we olary ojak kagyzy ýazylan taba geçirmeli. Çörekleri dürtgüç bilen dürtüp, ýüzüne suw çalyp, ojagyň ortaky gatynda goýup, ýüzi gyzarýança (15 minut) bişirmeli.