Duzly Kelem (Şugundyrly)
- 3 nahar çemçesi duz
- 3 l (12 bulgur) suw
- 125 ml (1/2 bulgur) sirke (8%)
- 1 ýaşyl kelem
- 2 şugundyr
- 5 diş sarymsak
- 5 lawr ýapragy
- 1/2 çaý çemçesi döwülmedik gara burç
Duzly Kelem (Käşirli)
- 3 nahar çemçesi duz
- 3 l (12 bulgur) suw
- 125 ml (1/2 bulgur) sirke (8%)
- 1 ýaşyl kelem
- 2 käşir
- 5 lawr ýapragy
Gazana duz atyp, suw guýup gaýnatmaly. Suw gaýnanda, oduny öçürip, sowaýança goýmaly. Suw sowandan soň, onuň içine sirke guýmaly.
Duzly Kelem (Şugundyrly): Kelemiň daşky ýapraklaryny aýyrmaly. Kelemi dörde bölüp, özenini aýyrmaly we kelemi tokga böleklere bölmeli. Şugundyryň, sarymsagyň gabygyny aýryp, özüni ýuwmaly. Şugundyry inçejik, uzyn bölekler görnüşinde kesmeli. Kelem duzlanjak gabyň düýbüne sarymsak, lawr ýapragy, gara burç atmaly. Kelem bilen şugundyry eliň bilen garyp, şol gabyň içine atmaly.
Duzly Kelem (Käşirli): Kelemiň daşky ýapraklaryny aýyrmaly. Kelemi dörde bölüp, özenini aýyrmaly we kelemi inçejik dogramaly. Käşiri gyrgyjyň iri gözünde gyrmaly. Kelem bilen käşiri bir gaba atyp, eliň bilen gowy garyp, onuň her ýerine lawr ýapragyny atmaly.
Gök önümleriň üstüne duzly suw guýmaly. Önümler suwuň ýüzüne galmaz ýaly, gabyň içine kiçiräk tarelka düňderip, onuň üstünden suwly banka goýmaly. Duzly suw önümleriň 4-5 sm üstüne çykmaly. Kelemli gabyň üstüne saçak ýapyp, ony salkyn ýerde goýmaly. Kelem bir hepdeden taýýar bolýar.
Kelem taýýar bolansoň, gabyň içindäki bankany we tarelkany aýyrmaly. Kelemli gabyň gapagyny ýapyp, ony sowuk ýerde goýmaly. Duzly kelem sowuk ýerde iki aý saklanýar.
sagbolun ellerinize guller bitsin yenede shular yaly salatlary bilyan bolsanyz hokman bizin bln paylashayyn………..
Šu salaty janym çekip durdy! На этих выходных буду готовить! Tañry Ÿalkasyn!!! YouTube videoda edäÿiñ has biširip bilmeÿänler üçin!!
2 aý nämä gerek ony goýmak 2 gunden iyibermeli zaýalanýara
Şeyle bir gowy boldy kop kop sagbolun
ayuww 2ay goyup iyp adam oldrjekmi?zayalanyara ol