Kokosly Köke

November 4, 2012

Kokosly Köke

Kokosly Köke

  • 50 gr mesge
  • 2 ýumurtga
  • 150 gr şeker
  • 200 gr gury, süýjüsiz kokos

Mesgäni pes otda eretmeli. Eredilen mesge sowaýança başga bir gapda ýumurtga bilen şekeri garmaly. Emele gelen garyndynyň üstüne eredilen mesgäni guýmaly we bulamaly. Soňra onuň üstüne kokos guýup, gowy garmaly.

Ojagy öňünden 180°C (356°F) derejede gyzdyrmaly. Ojak tabasynyň içine ojak kagyzyny ýazmaly. Taýýar bolan garyndydan bir çaý çemçesi möçberinde alyp, iki eliň aýasynda togalap, topjagaz ýasamaly. Topjagazlary, arasynda 2 sm töweregi boşluk goýup, kagyz ýazylan taba düzmeli. Kökäni ojagyň ortaky gatynda goýup, ýüzi çalaja gyzarýança (15-18 minut) bişirmeli.