Gökli Börek

October 28, 2012

Gökli Börek

Gökli Börek

5 adamlyk

Içi üçin

  • 1 kg ysmanak
  • 8 nahar çemçesi ösümlik ýagy
  • 3 nahar çemçesi un
  • 6 nahar çemçesi suw
  • 1 çaý çemçesi duz

Hamyr üçin

  • ~1 çaý çemçesi duz
  • 250 ml (1 bulgur) ýyly suw
  • 500 gr (3 1/3 bulgur) un

Gaýnatmak üçin

  • 3 l (12 bulgur) suw
  • 1 nahar çemçesi duz

Gatyklamak üçin

  • gatyk
  • gury narpyz

Gazana suw guýup, güýçli otda goýmaly. Ysmanagy ýuwup, gaýnaýan suwa atmaly we 5 minut gaýnatmaly. Soňra ysmanagy süzgüç bilen süzüp, sowuk suwa çykarmaly (ysmanak ýaşyl renkini saklar ýaly). Ysmanagyň suwuny gowy süzüp aýyrmaly we ony agaç çemçe bilen ezmeli.

Ysmanagy jazlamak üçin guýmak etmeli. Saja ýag guýup, aram otda goýmaly. Ýag gyzanda, oňa un guýup bulamaly. Un çalaja gyzaranda, onuň üstüne suw guýup, biraz bulamaly. Taýýar bolan guýmagyň üstüne ezilen ysmanagy atyp, duz sepmeli. Soňra ysmanak bilen guýmagy gowy garmaly we odyny öçürmeli.

Böreklik hamyr üçin bir gaba duz, suw we un guýup, gatyja hamyr etmeli. Hamyry 2 zuwala bölüp, her zuwalany eliň aýasynda togalamaly we 5 minut üstüni ýapyp goýmaly.

Bir zuwala un sepip, ony 2 mm galyňlykda ýaýmaly. Ýaýylan hamyryň üstüne un sepmeli, soňra uny hamyryň hemme ýerine eliň bilen endigan ýaýratmaly. Soň hamyry iki eplemeli we ýene birküç gezek epläp, uzyn bölekler bolar ýaly edip kesmeli. Ol uzyn bölekleri üsti-üstüne goýup, inedördül kesmeli.

Hamyr bölekleriniň üstüne bir çaý çemçesi töweregi gök goýup, hamyry eplemeli we gyralaryny bükmeli. Bükülen börekleri un sepilen gapaga düzüp, gaýzykmaz ýaly, onuň üstüne saçak ýapmaly. Soňra ikinji zuwalany ýaýmaly we bükmeli.

Gazana suw guýup, duz atyp, güýçli otda goýmaly. Gaýnaýan suwa atylan böregi tagta çemçe bilen 3-4 gezek bulap, 10-12 minut gaýnatmaly. Börek çykaryljak gabyň içine azajyk gatyk çalmaly. Böregi süzgüç bilen süzüp, gatyk çalnan gaba çykarmaly. Onuň üstüne ýene gatyk guýup, gatyk gowy garylar ýaly, börekli gaby silkelemeli. Islän onuň üstüne narpyz hem sepip biler.