Çopanlar içleklini takyr ýerde ojar oduny ýakyp, közi bir gyra süýşürip, ýerine arassa çäge sepip, gyzgyn ýerde goýup, üstüni köz bilen endigan örtüp bişiripdirler. Olar, bugy çykar ýaly, içlekliniň ortasyna bir garyş ölçeginde kesilen gamyş dürtüpdirler.
Içlekli
4 adamlyk
Içi üçin:
- 500 gr sygyr ýa-da goýun eti
- 1 pomidor
- 1 sogan
- ½ bolgar burçy
- 1 çaý çemçesi duz
- 1 çümmük gara burç
- 1 çümmük gyzyl burç
- 8 nahar çemçesi suw
Hamyr üçin:
- 50 gr mesge
- 1 çaý çemçesi duz
- 300 ml suw
- 500 gr un
- Et aňsat dogralar ýaly, ony ilki çalaja doňdurmaly. Soňra eti ýukajyk kesmeli, gyýlan bölekleri üsti-üstüne goýup, owunjak dogramaly. Dogralan ete pomidor, sogan, bolgar burçy dograp, duz, gara we gyzyl burç sepip, suw guýup, gowy garmaly.
- Hamyra goşuljak mesgäni eretmeli. Tabaga duz, suw, mesge we un guýup, ýumşak hamyr etmeli. Hamyry iki bölüp, her bölegi eliň aýasynda togalamaly we 5 minut üstüni ýapyp goýmaly.
- Hamyra un sepip, ony 30 sm tegeleklikde ýaýmaly we ojak kagyzy ýazylan taba geçirmeli. Soňra hamyryň üstüne dogralan eti ýaýratmaly. Et ýaýradylanda hamyryň gyrasynda 1 sm boş ýer goýmaly.
- Beýleki hamyry hem birinji hamyryň ululygynda ýaýyp, etiň üstüne ýapmaly. Soňra hamyryň gyrasyny bükmeli.
- Bug çykar ýaly, içlekliniň ortasynda deşik etmeli we galan ýerini wilka bilen dürtmeli. Içlekliniň ýüzüne suw çalmaly we ony ojagyň ortaky gatynda goýup, 250°C (482°F) gyzgynlykda ýüzi gyzarýança (25 minut) bişirmeli.
Elleriňiz agyrmasyn, türkmen saçagyna gurban bolaýyn, wah, arman, aýra düşdüm-dä!
wah wah bizem sho watandan ayra dushenlen birida turkmen naharlarymyz yat bolup gitdida
turkmen ishleklimde doneyin oz turkmen naharymyzdan aylanayin
Ullakan sag bolun! Gozlap yordum nache wagt.
yaman suyji bolyarow shul ishlekli
nyam nyam enin govy oryan naharym
Içlekli däl, IŞLEKLI. Işlekli esasan hem ärsarylaryň milli tagamy. Işlekliniň iň gowusyny hem Garabekewül, Halaç, Hojambaz töwereklerinde iýersiňiz. Tekeler kän bilmez bu tagamy, şol sebäpli adyny hem dogry bilenoklar.
Dogry işlekli, halaç töwerekde tamdyrda çokda bişiren işleklini iýseň tagamy agzyňdan gitmez
Sen tekelere gelip gördünmü?
İşleklini edip bilmez diyip.Gelde işlekli nahili edilyar öğren tekelerden.
islekli yaman suyji eken ol turkmen milli naharydyr
isleki ansat nahar dal emma ol suyji
Super
Super
bayramgul gelje elerne saglik iyki varsiniz
Edip göreýin