Süzme

July 9, 2012

Süzme

Süzme

Gatyk

  1. Akja matadan agzy büzmekli halta tikmeli we haltany ulanmazdan öňürti ýuwmaly.
  2. Haltany tabagyň içinde goýup, onuň içine gatygy guýmaly.
  3. Haltanyň agzyny büzüp, ony salkyn ýerde asyp goýmaly. Haltadan syrygan suw damar ýaly, onuň aşagynda tabak goýmaly. Haltadaky gatygyň suwy damyp gutaransoň, süzme taýýar bolýar.

Bellik:
– 3 l gatykdan 500 gr töweregi süzme bolýar.

– Haltanyň ýerine süzgüjiň içine ak mata ýazyp, gatygyň suwuny süzüp bilersiňiz. Süzgüji tabagyň içinde goýmaly ýa-da gatykly ak matanyň gyralaryny ýygnap düwmeli we gatygyň suwy grandyň nowasyna damar ýaly, ony grantdan asmaly.

– Tabaga ýygnanan suwy (aýrany) hamyr edilende ulanyp bolar.

Süzmeçal

2 adamlyk

  • 4 nahar çemçesi süzme
  • 500 ml (2 bulgur) sowuk suw
  • 1 çümmük duz
  1. Tabaga süzme atyp, onuň üstüne azajyk suw guýup, dügür galmaz ýaly, süzmäni çemçe bilen ezmeli.
  2. Çala duz atyp, galan suwy az-azdan guýmaly we gowy bulamaly.
  3. Islän çalyň içine buz we ownuk dogralan hyýar, rediska, sarymsak, petruşka, şibit atyp biler.