Gowurdak doň ýa-da eredip, ýa-da içine sogan dograp, şeýle-de çaýçorba edilip iýilýär. Ony üstüne ýumurtga çakyp, gök önümler bilen batyrma edip iýmek hem ýörgünli. Şeýle-de ony gowurdak çorbasy, jazly aş, şüle ýaly naharlary bişirmek üçin ulanýarlar.
Gowurdak
Ak ýag üçin
- 1 1/2 kg goýun ýa-da sygyr ýagy (gapyrga ýagy ýa-da guýruk)
- 1 1/2 çaý çemçesi duz
- 500 ml (2 bulgur) suw
Gowurdak üçin
- ak ýag
- 3 kg goýun ýa-da sygyr eti
- 1 nahar çemçesi duz
Eti gowurmak üçin ilki bilen ak ýag etmeli (ak ýagyň edilişi). Eti aşyk ululygynda dogramaly we duzlamaly. Ak ýagly gazana dogralan eti atyp, 10 minut güýçli otda bişirmeli we käýarym bulamaly. Soňra gazanyň oduny peseldip, eti aram otda bişirmeli. Etiň daşy gyzaryp, gowy gowrulyp başlanda, ony dowamly bulamaly. Ýag köpürjikläp başlanda, gazanyň oduny öçürmeli. Gowurdagy syrçaly pitä guýmaly we salkyn ýerde goýmaly. Gowurdak salkyn ýerde uzak wagt saklanyp bilner.