Jigirdegi çörek bilen iýmegiň üýtgeşik lezzeti bar, ýöne ony ýagly çörek bişirmek üçin hem ulanyp bolýar. Türkmenler ak ýagy gowurmak we batyrma, jazly aş, şüle ýaly dürli naharlary bişirmek üçin ulanýarlar. Emma ak ýag esasan gowurdak etmek üçin ulanylýar.
Jigirdek & Ak Ýag
- 1 1/2 kg goýun ýa-da sygyr ýagy (gapyrga ýagy ýa-da guýruk)
- 1 1/2 çaý çemçesi duz
- 500 ml (2 bulgur) suw
Ýagy her tarapy 2 sm ululykda dograp, gazana atmaly we duz sepip, suw guýup, güýçli otda 10 minut bişirmeli. Soňra gazanyň oduny peseldip, ýagy aram otda gowurmaly we käýarym bulamaly. Ýag suwuny çekende, gazanyň düýbüne ýelmeşmez ýaly, ony dowamly bulamaly. Ýag bölekleriniň daşy gyzaryp, ergin ýagyň ýüzüne galanda, gazanyň oduny öçürmeli we jigirdegi ýagdan süzüp almaly. Jigirdegi ýapyk gapda, sowuk ýerde saklasaň gowy durýar we ony birnäçe aý saklap bolýar.
Ergin ýagy syrçaly pitä guýup, salkyn ýerde goýsaň, ol doňup, ak ýaga öwrülýär. Ak ýag salkyn ýerde 4-5 aý saklanyp bilner. Ony sowadyjynyň doňduryjysynda bir ýyla çenli saklap bolýar.
Jigim-jigim, jigirdek,
Ýaga bişen gowurdak,
Jigirdegi kim iýjek?
Jigim ikimiz iýjek.
Wah-wah, gül ýalyjak günümiz, bal ýalyjak naharlarymyz bardy. Ýat illerde ýatdan çykyp gidipdir, sag boluň ýatladanyňyz üçin.