Pişme

May 26, 2012

Pişme

Pişme baýramçylykda, adatça gelin we bäbek toýlarynda bişirilýär we gök çaýyň gapdaly bilen saçaga äberilýär. Häzirki döwürde pişme süýji nygmat hasaplanýar, ýöne pişme aslynda şekersiz edilýän eken. Eger siz hakyky pişme isleseňiz, oňa şeker goşman bilersiňiz. Has ýumşak pişme üçin bolsa, suw ýerine süýt hem ulanyp bilersiňiz.

Pişme

  • 1 çaý çemçesi duz
  • 2 nahar çemçesi şeker
  • 1 çaý çemçesi gury hamyrmaýa
  • 300 ml (1⅕ bulgur) ýyly suw ýa-da ýyly süýt
  • 500 gr (3⅓ bulgur) un
  • Ösümlik ýagy (bişirmek üçin)
  1. Uly tabaga duz, şeker, hamyrmaýa atyp, suw guýup bulamaly. Onuň üstüne un guýup, ýumşak hamyr etmeli. Hamyr alar ýaly, ony 20 minut töweregi galyň saçak bilen basyryp goýmaly.
  2. Hamyry ikä bolüp, her bölegi eliň aýasynda togalamaly we olaryň üstüni saçak bilen ýapyp, 5 minut goýmaly.
  3. Hamyr böleginiň birini 5 mm galyňlykda ýaýyp, 4-5 sm inlilikde uzyn zolaklar görnüşinde kesmeli. Soň hamyr zolaklaryny gyýalap kesmeli. Beýleki hamyr bölegini hem şeýle etmeli.
  4. Gazana 4 sm çuňlukda ýag guýup, ony aram otda goýmaly. Ýag gyzanda, pişmeleri atyp, kepgir bilen dowamly bulamaly. Daşy endigan gyzaran pişmeleri ýagdan süzüp almaly.

Bu ýazgy 21/03/2015-de üýtgedildi.