Etli Belke

April 28, 2012

Belke türkmen nahary bolup, adatça diňe gatyklanyp iýilýär. Eger-de etsiz nahar iýmek isleseňiz, etli garyndyny guýman hem bolar. Ýa-da ysmanakly belkäni synap görüň.

Etli Belke

3 adamlyk

Belkeüsti üçin

  • 2 nahar çemçesi nohut
  • 300 gr hindiguş / sygyr / goýun eti
  • 1 çümmük duz
  • 1 çümmük gara burç
  • 1 çümmük gyzyl burç
  • 4 nahar çemçesi ösümlik ýagy
  • 1 sogan
  • 1 diş sarymsak
  • 1 bolgar burçy
  • 3 pomidor

Hamyr üçin

  • 300 gr un
  • ½ çaý çemçesi duz
  • 200 ml suw

Gaýnatmak üçin

  • 3 l suw
  • 1 çaý çemçesi duz

Gatyklamak üçin

  • 4 nahar çemçesi gatyk ýa-da süzme
  • 1 diş sarymsak
  • 1 çümmük gyzyl burç

Nohudy bir gün öňünden sowuk suwda goýmaly we ony ýumşaýança suwda gaýnatmaly hem-de bişenden soň süzmeli.

Eti ownuk dogramaly we duz, gara, gyzyl burç sepip, garyşdyrmaly. Saçda ýag gyzdyryp, eti biraz gowurmyşlamaly we gapagyny ýapyp, orta otda bişirmeli. Et bişeňkirlände sogany, sarymsagy, bolgar burçuny, pomidory dograp, onuň üstüne atmaly. Gök önümler bişende nohudy atmaly we naharyň oduny öçürmeli.

Belkelik hamyr üçin bir gaba suw, duz we un guýup, gatyja hamyr etmeli. Hamyry 2 mm galyňlykda ýaýmaly. Ýaýylan hamyry ilki iki eplemeli, soň ony ýene birküç gezek epläp, uzyn zolaklar bolar ýaly edip kesmeli. Soň ol uzyn zolaklary üsti-üstüne goýup, inedördül kesmeli. (Hamyryň kesilişini görmek üçin, şu ýere basyň.)

Belkäni gaýnatmak üçin gazana duz atyp, suw guýmaly. Suw gaýnanda belkeleri atmaly, 8-10 minut gaýnatmaly we süzgüç bilen süzüp almaly.

Belkä guýuljak gatygyň içine sarymsagy gyrmaly we gyzyl burç sepip garmaly. Belke çykaryljak gabyň içine ilki azajyk gatyk guýmaly, soň belkäni çykarmaly we üstüne ýene-de gatyk guýup garyşdyrmaly. Şondan soň belkeleriň üstüne etli garyndy guýmaly.