Ýaprak Dolamasy

April 13, 2012

ýaprak dolamasy

Ýaprak Dolamasy

6-8 adamlyk

  • 100 sany üzüm ýapragy
  • 3 nahar çemçesi dogralan täze şibit
  • 3 nahar çemçesi dogralan täze petruşka
  • 1 sogan
  • 3 diş sarymsak
  • 2 nahar çemçesi limon suwy
  • 600 gr (3 bulgur) tüwi
  • 1 kg üwelen sygyr ýa-da goýun eti
  • 3 nahar çemçesi tomat
  • 1 çaý çemçesi duz
  • 1 çümmük gara burç
  • 1 çümmük gyzyl burç

Üzüm ýapragyny 5-10 minutlap gaýnan suwda goýmaly. Eger-de bankada ýapylan üzüm ýapragyny ulanýan bolsaňyz, ony (artykmaç duzy gider ýaly) birnäçe gezek ýuwuň. Soň ýapragy guradyp, gaty baldagyny aýryň.

Şibitdir petruşkany, sogany, sarymsagy ownuk dograp, üstüne limon suwuny guýmaly we tüwi atmaly. Soň olary üwelen et, tomat, duz, burç bilen garmaly.

Bir ýapragy alyp, ýylpyldawuk tarapyny aşak edip, gapagyň üstüne ýazmaly. Bir nahar çemçesiniň dolulygyndaky etli garyndyny üstünde goýup, ýapragyň iki gyrasyny garyndynyň üstüne epläp, gowy edip dolamaly.

Ýyrtylan ýapraklary, dolama ýelmeşmez ýaly, gazanyň düýbüne düşemeli we dolamalary endiganja edip ýerleşdirmeli. Bir çümmük duz sepip, dolamanyň üstüne çykar-çykmaz suw guýmaly. Dolamalar açylyp dargamaz ýaly, üstüne tarelka düňderip, gazanyň gapagyny ýapmaly we ýokary otda gaýnatmaly. Soň dolamanyň oduny peseldip, orta otda 45-50 minut çemesi, ýagny suwuny çekýänçä bişirmeli. Dolama saçaga äberilende üstüne gatyk guýulýar.