Ýaprak Dolamasy
6-8 adamlyk
- 100 sany üzüm ýapragy
- 3 nahar çemçesi dogralan täze şibit
- 3 nahar çemçesi dogralan täze petruşka
- 1 sogan
- 3 diş sarymsak
- 2 nahar çemçesi limon suwy
- 600 gr (3 bulgur) tüwi
- 1 kg üwelen sygyr ýa-da goýun eti
- 3 nahar çemçesi tomat
- 1 çaý çemçesi duz
- 1 çümmük gara burç
- 1 çümmük gyzyl burç
Üzüm ýapragyny 5-10 minutlap gaýnan suwda goýmaly. Eger-de bankada ýapylan üzüm ýapragyny ulanýan bolsaňyz, ony (artykmaç duzy gider ýaly) birnäçe gezek ýuwuň. Soň ýapragy guradyp, gaty baldagyny aýryň.
Şibitdir petruşkany, sogany, sarymsagy ownuk dograp, üstüne limon suwuny guýmaly we tüwi atmaly. Soň olary üwelen et, tomat, duz, burç bilen garmaly.
Bir ýapragy alyp, ýylpyldawuk tarapyny aşak edip, gapagyň üstüne ýazmaly. Bir nahar çemçesiniň dolulygyndaky etli garyndyny üstünde goýup, ýapragyň iki gyrasyny garyndynyň üstüne epläp, gowy edip dolamaly.
Ýyrtylan ýapraklary, dolama ýelmeşmez ýaly, gazanyň düýbüne düşemeli we dolamalary endiganja edip ýerleşdirmeli. Bir çümmük duz sepip, dolamanyň üstüne çykar-çykmaz suw guýmaly. Dolamalar açylyp dargamaz ýaly, üstüne tarelka düňderip, gazanyň gapagyny ýapmaly we ýokary otda gaýnatmaly. Soň dolamanyň oduny peseldip, orta otda 45-50 minut çemesi, ýagny suwuny çekýänçä bişirmeli. Dolama saçaga äberilende üstüne gatyk guýulýar.
Wah, dolama, ýatlatdyň,
Ejem janyň naharyn;
Doly gazan kakamyň
Ýatyrardy gaharyn…
Öýmüz dönerdi ýaza,
Dolama bişen güni.
Sag bol, Baýram gelneje,
Ýada saldyň ejemi.
Sag boluň, dolama biziňem söýgüli naharlarymyzyň biri. Ýöne siz ony has az et bilen bişerýän ekeniňiz. Bu dolamany has saglykly eder, men ozal bu barada pikir etmandirin.
Baýrangül dogan,
Men günbatar ýurtlaynda aýlanyp, bu pahyrlaryň öýde ojak we saçak medeniýetini ýitirenine göz ýetirdim. Türkmende “öz arygny har eden kişi arygna zar bolar” diýen söz bar. Bular öz saçak we ojak medeniýetini ýitirip, medeniýetleşendirin öýüdüp, şo boljak bolup, ýarym aç galypdyrlar. Günbatar ýurtlarynda başga ýurtlardan gelen adamlaryň barha kän restoran, naharhana açmagy hem şu ýagdaý bilen bagly. Bir tarapdan, gelen emigrantlaryň öz naharlaryny bişirip, gazanç edip bilmegi gowy zat. Ýöne men ol restoranlarda ýa kebapçylarda garyn otaryp ýaşamagy medeniýet däl, medneiýetiň ýitirilmegi, açlyk we sergezdanlyk hasaplaýaryn. Şu nukdaý nazardan, siz daşary ýurtlara çykan türkmenlere öz medeniýetleriniň gapysyny açyp, uly sogap iş edipsiňiz, taňryýalkasyn!
Türkmenjik bilen ylalaşýaryn, ýöne günbatarlylar nahary erkekler hem bişirse bolýa ýa erkekler hem nahar bişirmäni öwrenmeli diýip hasaplaýar. Şu meselede biz olardan öwrenmeli. Emma öz saçak medeniýetimizi, ojak medeniýetimizi saklajak bolmaly. Ýogsa bizem köçeden iýýänler ýaly hemişe ýarym aç gezeris. Men köçede ýa metroda bir zatlary symyşlap barýan adamlary gaty medeniýetsiz hasaplaýan.
Bu saýt maňa-da ejem pahyry ýatlatdy. Meniň “gedem” ýa “gedemowiç” lakamyny almagyma-da ejem pahyr, has dogrusy onuň bişirýän naharlary sebäp bolupdy. Ejem gaty arassaçyldy, eli süýjüdi. Näme bişirse, iýip doýup bolmazdy. Ýogsa onda ne bir hazirki ýaly gap-gaç, ne-de beýleki aşhana mümkinçilikleri bardy. Men 3-nji dördünji klaslarda okaýan wagtlarym hem ejemiň tamdyr çöreginden başga çörek iýip bilmezdim. Toýda bişýän palawdyr çorba, hudaýýoluda bişýän dograma hem meniň agzyma tagamsyz, ýa duzy kem, ýa ýene bir zat bolup duýlardy. Türkmende nahara at dakmaly däl diýýärler, bu gowy medeniýet, ýöne naharyň hem kemçiliginiň gürrünini etmeli. Bir gezek, 16 ýaşlarymda bolsa gerek, men bir oturyşykda, öz dostlarymyň ýanynda hemme nahary iýip bilmeýänim barada dil ýardym. Şondan soň meniň adymyň yzyna “gedemowiç” lakamyny ýelmediler. Men türkmende ahyry nahar hakynda şeýle websaýtlaryň hem döredilip başlanyna çäksiz begenýärin. Goý, bu saýt bize öz saçagymyzy analizlemäge, saçak bilen bilen bile öz ojak medeniýetimizi ösdürmäge itergi bersin.
Günbatar ýurtlary aşhana medeniýetini has ösdüripdir, şuny boýun alalyň. Bu ýurtlarda aşhana mümkinçilikler gaty giň, nahar kitaplary kän. Bizde bu zatlar ýok ahyryn. Obalarymyzy gürrüň edip oturmalyň, paýtagt Aşgabatda hem kesilmän akyp duran suwly aşhana ýok. Baýlarda bar diýmegiňiz mümkin, emma men halk barada gürrüň edýärin. Eje görgüliler bir topar çagany naharlajak bolup, nä görgüler görýär. Birwagt Makerewiç “Smak” diýen gepleşik döredende, oňa gözüm gidipdi. Biziňem akylly, köptaraply, başarjaň adamlarymyz öz dilimizde şunuň ýaly gepleşikleri taýýarlap, halkyň nahar medeniýetini baýlaşdyryp bilerdi. Men henizem şeýle gepleşiklere tomaşa etmegi arzuw edýärin.
Aylar, Shu wagt Turkmen teleyaylymlarynda Smagyng Turkmen gornusuni gorkezyarler. Gaty gyzykly… Taze we kone tagamlardan kopusini millede tazeden yatlatyarlar
Bu dolamany Türkler hem bişirýär olar bu nahara: ” yaprak sarması” diýýärler bizim türkmen halkymyzda bu naharyň barlygy meni örän buýsandyrýar, guwanýaryn. Çünki 9-11 ýaşlarymdakam dolamany iýmegi arzuw etýärdim…