Mäş
4 adamlyk
- 250 g (1¼ bulgur) mäş
- 5 nahar çemçesi ösümlik ýagy
- 1 nahar çemçesi un
- 1½ l (6 bulgur) suw
- 1 çaý çemçesi duz
Gazana ýag guýmaly we gyzandan soň, un guýup, bulamaly. Un gyzaryp başlanda suw guýmaly we duz atmaly. Suw gaýnandan soň mäşi ýuwup, gazana guýmaly we bulamaly. Mäş 10 minut gaýnandan soň oduny peseltmeli we gazanyň gapagyny ýapmaly. Mäş ýumşaýança orta otda 20 minut çemesi bişirmeli we arasynda bulamaly.
mash iyesim gelip gitdi!
Ejem pahyr mäş bişirmäge howeslydy .ony hemişe göremde mäş arasalap ötyrardy. ejem pahyry ýadyma düşdy bu mowzuguň. elleriňe gül bitsin.
Sag boluň!
Mäş gowy nahardyr, ony bişirmäni bilmeýän hem kän. Gowy edipsiňiz, sadaja maglumat, gerek däl ýaly, ýöne köp adama gerek. Özem gaty saglykly nahar.
hyzmatynyza sagbolun
sag bolun, mash menin gowy goryan naharym, yone bishirmesini bilemokdym.
Mas in halayan naharym sacaga gatyk bilen abersen lezzeti hasam uytgesik isdaniz acyk bolsun
Hindistandan gyzgyn salamlar. Kop sagbol gelneje. Sayanda bishirmani owrendik we bu gun ach galmadyk 🙂
Sag bol Sahy!
Ah ah nähili kuysedim ejemjanyn naharlaryny…
Salam, gyzlar. Öyden uzakta yaşayan türkmenler üçin öyüñi küsânde milli nahar bişirip, öyüñe giden yaly bolyan. Bizim naharlarymyz gaty sada hem tagamly. Köp sagboluñ.
Gowy edipsiňiz meniň hem gowy g,ryän naharym mäş
Mäs gaty suyji naharlaryn biri yone ona azajyk pamidor atsak hasam suyji bolya owredeniniz ucin sps balsoy
Sag boluñ maglumatyñyz üçin! Okadym indi bisirip goreyin hany!
Ejemiñ yok vagty bisiryan kop sagbolun
Güljemal saýaňda bişirmäni öwrendim . Sag boluň .
Saýaňda bişirmäni öwrendim . Sag boluň .
Maşı gaty kop men pıkrımç
Etli edip bolanokmy