Manty

January 21, 2012

Manty gabyňyz ýok bolsa, gaýgy etmäň, basym saç mantysynyň bişirilişini hem öwrenip bilersiňiz 🙂

Manty

Hamyr üçin

  • 500 gr un
  • 1 çaý çemçesi duz
  • 200 ml suw (çen bilen)

Içi üçin

  • 1 kg üwelen sygyr ýa-da goýun eti
  • 1 sogan
  • 4 kartoşka (islege görä)*
  • 4 nahar çemçesi suw
  • duz
  • gara we gyzyl burç

Gatyklamak üçin

  • 200 gr gatyk
  • 1 diş sarymsak
  • 1 çümmük gury narpyz
  • 1 çümmük gyzyl burç

Üwelen ete sogan (üwemeli ýa-da ownuk dogramaly), kartoşka dograp, duz, gara we gyzyl burç sepip, suw guýup, soň gowy garmaly.

Tabaga duz atyp, azajyk suw guýmaly we un guýup, gatyja hamyr etmeli. Suwy az-azdan guýup ýugursaň, hamyr gatyja bolýar. Manty üçin gatyja hamyr gowy hasaplanýar. Taýýar bolan hamyry 2 zuwala bölüp, ýüzi gaýzygmaz ýaly üstüni ýapyp goýmaly. Soňra hamyry 2 mm galyňlykda ýaýmaly.

Tegelek ýaýylan hamyry ilki iki eplemeli, soň ony ýene birküç gezek epläp, uzyn zolaklar bolar ýaly edip kesmeli, soň ol uzyn zolaklary üsti-üstüne goýup, inedördül kesmeli.

Her inedördül kesindini aýry goýup, olaryň ortasyna et salyp, gowja edip bükmeli. (Manty bükmek üçin hamyryň ilki iki garşydaş çünkini birleşdirmeli we onuň üstünden beýleki iki çünki birleşdirmeli. Soň ýanaşyk duran çünkleri birleşdirmeli.)

Manty gabynyň pitisine suw guýup, otda goýmaly. Manty gabynyň ýokarky gaplaryna mesge çalyp, mantylary düzmeli. Suw gaýnansoň, manty düzülen gaplary gaýnaýan gabyň üstünde goýup, 25-30 minut bugda bişirmeli.

Mantynyň gapdaly bilen äberilýän gatygyň üstüne sarymsak gyrmaly we narpyz, gyzyl burç atyp, hemmesini garmaly.

*Eger kartoşka garmak isleseňiz, etini azaltsaňyz hem bolar. Isleseňiz, kartoşkanyň ýerine kädi goşsaňyzam bolar.