Badamjan-Burç Dolamasy

December 29, 2011

Badamjan-Burç Dolamasy

Badamjan-Burç Dolamasy

3 adamlyk

  • 2 badamjan
  • 3 bolgar burçy

Içi üçin

  • 500 gr üwelen sygyr / goýun eti
  • 5 nahar çemçesi tüwi
  • 1 çaý çemçesi tomat
  • 1 nahar çemçesi limon suwy
  • 1 sogan
  • 1 diş sarymsak
  • duz we gara burç (çen bilen)

Çorbasy üçin

  • 2 nahar çemçesi ösümlik ýagy
  • 2 pomidor
  • 2 kartoşka
  • 1 çümmük duz
  • suw

Burçlaryň sapyndan tutup, içine tarap basmaly we yzyna çekip çykarmaly. Soňra olaryň içindäki tohumlaryny aýryp, özlerini ýuwmaly. Badamjanlaryň hem sapyny aýryp ýuwmaly we soňra üçe bölüp, pyçak bilen içlerini oýmaly.

Badamjanyň içini, sogany, sarymsagy ownuk dogramaly, limon suwy guýmaly we olaryň üstüne tüwi atmaly. Soň bu garyndyny üwelen et, tomat, duz, burç bilen garmaly. Badamjan-burçlaryň içini etli garyndy bilen doldurmaly.

Gazana ýag guýup, pomidorlary ownuk dograp, 5 minut gowurmaly we oduny öçürmeli. Dolamalary gazanyň içine düzmeli. Kartoşkalaryň gabygyny artyp, böleklere bölüp, gazana atmaly, üstüne bir çümmük duz sepmeli we suw guýmaly. Suw dolamalaryň üstüne çykmaly. Dolama çorbasy gaýnap başlanda, oduny peseltmeli. Nahary badamjan we burç ýumşaýança bişirmeli.