Ysmanakly Belke

February 7, 2012

ysmanakly belke

Ysmanakly Belke

3 adamlyk

Ysmanagy jazlamak üçin

  • 200 gr ysmanak
  • 4 nahar çemçesi ösümlik ýagy
  • 1 nahar çemçesi un
  • 3 nahar çemçesi suw
  • 1 çümmük duz

Hamyr üçin

  • 300 gr un
  • ½ çaý çemçesi duz
  • 200 ml suw

Gaýnatmak üçin

  • 3 l suw
  • 1 çaý çemçesi duz

Saçaga äberilende

  • gatyk
  • 2 nahar çemçesi noýba
  • 1 çümmük gury narpyz

Noýbany bir gün öňünden sowuk suwda goýmaly, soň suwda gaýnatmaly. Noýba bişensoň, suwuny süzmeli.

Ysmanagy jazlamazdan öň gazana suw guýmaly we otda goýmaly. Ysmanagy ýuwmaly. Suw gaýnap başlanda, ysmanagy atmaly we 5 minut gaýnatmaly. Soňra ysmanagy süzüp, sowyk suwa çykarmaly. Ysmanagyň suwuny gowy süzüp aýyrmaly we ony agaç çemçe bilen ezmeli. Soň saja ýag guýup, aram otda goýmaly we ýag gyzansoň, oňa un sepip bulamaly. Saçdaky un çalaja gyzarandan soň onuň üstüne suw guýup, ýene-de bulamaly. Soňra saja gaýnadylan ysmanagy atyp, duz sepip bulamaly we odyny öçürmeli.

Belkelik hamyr üçin bir gaba suw, duz we un guýup, berk ýugrup, gatyja hamyr etmeli. Hamyry 2 mm galyňlykda ýaýmaly. Ýaýylan hamyry ilki iki eplemeli, soň ony ýene birküç gezek epläp, uzyn zolaklar bolar ýaly edip kesmeli. Soň ol uzyn zolaklary üsti-üstüne goýup, inedördül kesmeli. (Hamyryň kesilişini görmek üçin, şu ýere basyň.)

Belkäni gaýnatmak üçin gazana duz atyp, suw guýmaly. Suw gaýnanda belkäni atmaly, 8-10 minut gaýnatmaly we süzgüç bilen suwuny süzmeli. Belke çykaryljak gabyň içine ilki azajyk gatyk guýmaly, soň belkäni çykarmaly we üstüne ýene-de gatyk guýup garyşdyrmaly. Belkäniň üstüne ysmanak, noýba guýmaly we narpyz sepelemeli.